Книги по истории для 10 класса на туркменском языке.
Eliňizdäki Özbegistanyň taryhy dersligi XIX asyryň ikinji ýarymy we XX asyryň 90-njy ýyllarynda bolup geçen wakalary öz içine alýar. Bu döwür Watanymyzyň taryhynyň iň çylşyrymly we garşylykly ýyllarydyr.
Bu derslik Watanymyzyň taryhynda ýitgilere we gurbanlara doly bolan, şeýle hem, ata-babalarymyzyň ýurduň azatlygy we özbaşdaklygy üçin alyp baran gahrymançylykly göreşlerini hem-de özbek halkynyň döredijilik işini we janypkeş zähmetlerini öz içine alan taryhyndan gürrüň berýär.
ÖZBEGISTAN IKINJI JAHAN URŞY ÝYLLARYNDA.
1941-nji ýylyň 22-nji iýun güni gitlerçiler Germaniýasynyň SSSR-e hüjüm etmegi Sowet Soýuzy diýlen çäkde birleşdirilen halklar üçin agyr synaglardan ybarat uruş başlandy.
23-nji iýun güni Daşkentde köp müň adamly miting bolup geçýär. Dürli kärhanalaryň hem-de edaralaryň işçileri we hyzmatçylary, mugallymlar, talyplar faşistlere garşy göreşmäge, frontda we frontuň arkasynda duşmanyň üstünden ýeňiş gazanmaga taýýardyklaryny bildirýärler.
Mazmuny.
Giriş.
Rus imperiýasynyň çozuşynyň öňüsyrasynda Buhara emirligi, Kokant we Hywa hanlyklaryndaky jemgyýetçilik–syýasy we ykdysady ýagdaý.
Rus imperiýasynyň Orta Aziýa ýörüşi we Türküstan general-gubernatorlygynyň döredilmegi.
Buhara emirliginiň we Hywa hanlygynyň Rus imperiýasynyň wassalyna öwrülmegi.
Türküstan ülkesinde syýasy-administratiw dolandyryş ulgamy.
Türküstanda Rus imperiýasyna garşy milli-azatlyk hereketi.
Birinji jahan urşunyň başlanmagy we onuň Türküstana täsiri.
Türküstanda 1916-njy ýyldaky gozgalaňyň başlanmagy.
XIX asyryň ikinji ýarymy – XX asyryň başlarynda Buhara emirligi.
XIX asyryň ikinji ýarymy – XX asyryň başlarynda Hywa hanlygy.
XIX asyryň ikinji ýarymy – XX asyryň başlarynda garagalpaklar we olaryň medeniýeti.
Türküstanda jeditçilik hereketi.
Jeditçilik hereketiniň görnükli wekilleri we olaryň işi.
Türküstanda ylym-bilim we medeniýet.
Türküstan ülkesi 1917-nji ýylyň fewral-oktýabr aralagynda.
Ýaş Buharalylaryň işi we Buhara emirliginiň ýatyrylmagy.
Hywa hanlygynyň ýatyrylmagy.
Türküstan awtonomyýasy.
Türküstan ülkesinde sowet häkimiýetiniň dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy.
Türküstan ASSR, BHSR we HHSR-da sowet häkimiýetine garşy ýaragly hereketler.
Orta Aziýada çäk çekme.
Özbegistan SSR-niň döremegi.
Sowet häkimiýeti amala aşyran reformalarynyň esasy. Industrializasiýlama syýasaty we onuň netijeleri.
Özbegistanda sowet häkimiýetiniň alyp baran medeni syýasaty.
Sowet häkimiýetiniň Özbegistandaky repressiýa syýasaty.
Özbegistan Ikinji jahan urşy ýyllarynda.
Özbegistan 1941–1945-nji ýyllaryň dowamynda.
Özbegistanlylaryň frontdaky edermenlikleri we gahrymançylyklary.
Gwardiýaçy general-maýor Sabyr Rahimowyň jaýlanyşy.
Özbegistanyň ylmy we medeniýeti ýeňiş üçin hyzmatda.
Özbegistanyň halk hojalygynyň uruşdan soňky ýyllardaky ösüşi.
Özbegistan 1980–1990-njy ýyllarda.
Şaraf Raşidow.
Özbegistanda jemgyýetçilik-syýasy işeňňirlik we garaşsyzlyga tarap hereketiň güýçlenmegi.
Adalgalaryň düşündirişi.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Özbegistanyň taryhy, 10 synp, Tilabaýew S., Kenjaýew D., 2022 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Хештеги: #учебник на туркменском языке :: #история :: #Tilabaýew :: #Kenjaýew :: #10 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Предыдущие статьи:
- Таърихи Ӯзбекистон, 10 синф, Тилабоев С., Кенҷаев Д., 2022
- Ózbekstan tariyxı, 10 klas, Tilabaev S., Kenjaev D., 2022
- Jáhán tariyxı, 10 klas, Ergashev S., Xodjayev B., Abdullayev J., 2022
- Özbegistanyň taryhy, 7 synp, Zamonow A.T., Ismatowa N.K., Rahimjanow D.A., 2022