Учебник по истории для 10 класса на туркменском языке.
Taryh sapaklary. Taryh halka sapak we ylym berýär. Taryhy öwrenmezden gelejegi aňlap bolmaýar. Her bir ynsan, her bir halk öz taryhyny we geçmişini ata babalary tarapyndan döredilen taryhy kitaplary okamak, öwrenmek we yzarlamak arkaly bilip alýar. Taryh ynsanyň akyl-paýhasy we aňyýetiniň şeýle bir täsin we jadylaýjy önümi bolanlygy üçin, onuň ruhy gudraty we kömegi bilen biz ähli geçmiş zamanlaryň adamlaryna has-da ýakyn bolýarys, geçip giden asyrlar wakalaryny ähli galagoplary, göreşleri we dartgynlyklary bilen göz öňümizde janlandyrýarys. Ynsan taryhdan tälim-terbiýe alýar, taryh uly sapak berýär. Taryh sapaklaryndan özüne degişli netije çykaryp bilmeýän, düýnki gününi gowy bilmeýän milletiň gelejek ykbaly hem öz-özünden aýdyň.
Türküstan ASSR-da sowet häkimiýetine garşy ýaragly hereketler.
Türküstanda sowet režimine garşy ýaragly hereketiň başlanmagy. Türküstan sebitinde bolşewikler hökümdarlygyndaky sowet režimine garşy azatlyk hereketi 1918-nji ýylyň fewral aýynyň soňky on günlüginde ilki Kokant töwereklerinde başlandy. Ilkinji toparlaryň gurluşy Kokandyň töwta Ergaş (1882 - 1921) ýaly korbaşylaryň atlary bilen baglydyr. 27-nji fewralda bolşewikleriň harby güýçlerine garşy bolan söweşleriň birinde Kiçik Ergaş şe hit bolandan soň, onuň ornuna uly Ergaş Fergana jülgesinde bolşewikleriň koloniýaçylyk tertibine garşy azatlyk baýdagyny göterdi. Kokant uýezdindäki hereketiň ilkinji daýanç merkezi Baçkir obasydy. 1918-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna gelip uly Ergaşyň ady Fergana jülgesiniň ilatynyň ortasynda örän meşhur bolup gitdi. Margilanda bolsa milisiýanyň öňki başlygy Madaminbek - Muhammet Aminbek Ahmadbek ogly (1892 – 1920) göreş başlady.
Fergana jülgesinde 1918-nji ýylyň ortalaryna gelip takmynan 100-e golaý korbaşy öz toparlary bilen gyzyl armiýa bölümlerine garşy göreş alyp bardylar. Emma sowet häkimiýetiniň resmi dokumentlerinde milli azatlyk hereketiniň düýp mazmuny üýtgedilip, ony “basmaçylyk” hereketi, onuň gatnaşyjylaryny bolsa “basmaçylar” diýip nädogry agitasiýa etdiler.
MAZMUNY.
Giriş.
Birinji bap. Türküstan ülkesinde sowet häkimiýetiniň ornaºdyrylmagy hem-de özbek halkynyň garaşsyzlyk üçin göreşi (1917- 1924-nji ý.ý.).
1-§. Türküstan ülkesi 1917-nji ýylyň fewral - oktýabr aralygynda.
2-§. Türküstanda sowet häkimiýetiniň mejbury ýagdaýda ornaºdyrylmagy hem-de bolşewikler diktaturasy.
3-§. Türküstan Awtonomiýasy – ýerli halklaryň döwletliliginiň taryhynda täze basgançak.
4-§. Türküstan ülkesinde sowet häkimiýetiniň dolandyryş sistemasynyň gurluşy we ykdysadyýet ugrundaky özgerişler.
5-§. Türküstan ASSR-da sowet häkimiýetine garşy ýaragly hereketler.
6-§. Buhara emirliginde reformalar üçin göreş hem-de gyzyl armiýa tarapyndan emir häkimiýetiniň agdarylmagy. BHSR-yň döredilmegi we işi.
7-§. Hywa hanlygyndaky ýagdaý hem-de han häkimiýetiniň agdarylmagy. HHSR-yň düzülişi we dürli reformalar.
8-§. BHSR we HHSR-da gyzyl armiýa garşy göreş.
9-§. Orta Aziýa respublikalarynda geçirilen milli-sebitleýin serhetlenme we onuň netijeleri.
Ikinji bap. Sowet häkimiýetiniň Özbegistanda alyp baran syýasaty (1925-1939-njy ý.ý.)
10-§. Özbegistan SSR-niň döredilmegi.
11-§. Özbegistanda oba hojalygyny kollektiwleşdirmek syýasaty hem-de kulaklaryň sürgün edilmegi.
12-§. Özbegistanda industrlaşdyrmak syýasatynyň alyp barylmagy we kadrlar meselesi.
13-§. Özbek aýal-gyzlaryny azatlyga çykarmak hadysasy we problemalar.
14-§. Özbegistanda sowet häkimiýetiniň alyp baran medeni syýasaty.
15-§. Sowet häkimiýetiniň Özbegistandaky repressiýa syýasaty: onuň mazmuny we netijeleri.
Üçünji bap. Özbegistan Ikinji jahan urşy ýyllarynda (1939 - 1945-nji ý.ý.)
16-§. Ikinji jahan urşunyň başlanmagy hem-de Özbegistanyň uruş girdabyna çekilmegi.
17-§. Özbegistanyň senagaty we oba hojalygy front hyzmatynda.
18-§. Özbegistanlylaryň frontdaky mertligi we gahrymançylyklary.
19-§. Özbegistanyň ylmy we medeniýeti - ýeňiş üçin hyzmatda.
Dördünji bap. Özbegistanyň sosial-ykdysady ýagdaýy we ösüşiniň problemalary (1945 – 1959-njy ý.ý.)
20-§. Özbegistan halk hojalygynyň uruşdan soňky ýagdaýy.
21-§. Zyýalylaryň repressiýa edilmegi we sowet jemgyýetinde şahsa sygynmagyň paş edilmegi.
22-§. Özbegistanda senagatyň bir taraplaýyn ösüşi.
Bäşinji bap. Özbegistan durnukly ösüş döwründe (1959 - 1983-nji ý.ý.).
23-§. Özbegistanyň syýasy durmuşyndaky özgerişler hem-de sowetleriň partiýa organlaryna baknalygy.
24-§. Özbegistanda ýangyç we magdan senagatynyň emele gelmegi hem-de ilatyň milli düzümindäki özgerişler.
25-§. Özbegistanda ekologik ýagdaýyň agyrlaşmagy we Aral pajygasy.
Altynjy bap. Özbegistanda sowet häkimiýetiniň krizisi we garaşsyzlyk üçin hereketler (1984 - 1991-nji ý.ý.)
26-§. Özbegistanda pagta işi we onuň netijeleri.
27-§. Gaýta gurmak syýasaty we onuň krizisi. Fergana pajygalary.
28-§. Özbegistan garaşsyzlygyň bosagasynda.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Özbegistanyň taryhy, 10 synp, Rajabow K., Zamonow A., 2017 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Хештеги: #учебник на туркменском языке :: #история :: #Rajabow :: #Zamonow :: #10 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Следующие учебники и книги:
- Өзбекстан тарыхы, 7 класс, Мухаммаджанов А., 2017
- Özbegistanyň taryhy, 7 synp, Muhammetjanow A., 2017
- Историческая концепция Вернадского Г.В., монография, Черемных О.А., 2017
- Дүйнөлүк диндердин тарыхы, 10 класс, Исламов З., Рахимжанов Д., Нажмиддинов Ж., 2017
Предыдущие статьи:
- Тарихтан әңгімелер, 5 сыныб, Жураев У., 2015
- Тарыхтан аңгемелер, 5 класс, Жораев У., 2015
- Taryhdan hekaýalar, 5 synp, Joraýew U., 2015
- Промежуточное тестирование, история России, XIX век, 8 класс, Алексашкина Л.Н., 2015