Dünýä taryhy, 10 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2022

Dünýä taryhy, 10 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2022.

Книги по истории для 10 класса на туркменском языке.

   Angliýadaky senagat rewolýusiýasy, başga Ýewropa we Demirgazyk Amerika ýurtlaryndaky senagat önümçiliginiň ösmegine Aziýa we Afrika halklarynyň durmuşynda hem möhüm ösgerişlere getirdi. Koloniýa we tabyn ýurtlar senagat önümleriniň bazaryna we çig mal bazasyna öwrülýär. Ýewropa ýurtlary Türkiýe, Eýran we Hytaý ýaly resmi taýdan garaşsyz döwletleriň ösüşine-de güýçli täsir etdi. XIX asyryň ahyrlarynda başlanan taryhy döwür ylymda imperializm adyny aldy. XX asyryň başyna gelip Afrika kontinentiniň 90 göterim çägi öňdebaryjy Ýewropa döwletleriniň koloniýalaryna öwrülipdi. Emma koloniýalar üçin göreş dowam etdi, ýaraglanyşyk haýdadyldy. Bu wakalar gutulgysyz ýagdaýda 1914–1918-nji ýyllardaky birinji jahan urşuna getirdi. Uruş adamzat taryhyndaky beýik geografik açyşlardan başlanan täze döwrüň jemini jemledi.

Dünýä taryhy, 10 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2022


GÜNDOGAR ÝEWROPA ÝURTLARY.
XIX asyryň ahyrynda Gündogar Ýewropa Balkan ýurtlary, şonuň ýaly-da, Awstro-Wengriýa we Russiýanyň bir bölegi girýärdi.

XIV–XV asyrlarda Balkan ýurtlarynda ornaşan Türkiýe hökümdarlygy XIX asyra çenli, käbir çäklerde XX asyra çenli saklanýar. 1878-nji ýylda Russiýanyň kömegine daýanan Serbiýa öz garaşsyzlygyny yglan edýär. Şondan soň Serbiýa çalt ösýär we Russiýa ýene-de barha ýakynlaşýar. Emma ilaty serblerden ybarat we Serbiýa bilen birleşmek öňden gelýän arzuwy bolan iki iri welaýatlar – Bosniýa we Gersegowina 1908-nji ýylda Awstriýa tarapyndan anneksiýa edilýär.

Awstro-Wengriýa imperiýasy 1867-nji ýylda iki döwlet – Awstriýanyň we Wengriýanyň hökümdar toparlarynyň ylalaşmagy esasynda döräpdi. Oňa çenli Çehiýa, Morawiýa, Galisiýa we Bukowina Awstriýanyň düzümine, Slowakiýa, Horwatiýa we Transilwaniýa Wengriýa döwletiniň düzümine girýärdi.

MAZMUNY.
I BAP XIX ASYRYŇ AHYRY – XX ASYRYŇ BAŞLARYNDA DÜNÝÄ ÝURTLARY: INDUSTRIAL SIWILIZASIÝANYŇ BERKARAR BOLMAGY.
1-nji tema. Industrial siwilizasiýanyň berkarar bolmagy.
2-nji tema. «Ýene-de Beýik Britaniýa» üçin: täze ykdysady we aňyýet ulgamynyň peýda bolmagy.
3-nji tema. Fransiýa we Germaniýa: Ýewropada öňdebaryjylyk üçin göreş.
4-nji tema. Gündogar Ýewropa we Russiýa: jemgyýeti özgertmek meseleleri.
5-nji tema. Iki hili Amerika: Demirgazyk we Günorta Amerikada ösüşiň ugurlary.
6-njy tema. Ýaponiýa, Hytaý we Hindistan: özgertmeleriň aziýa ýoly.
7-nji tema. Yslam siwilizasiýasy ýurtlarynda däpler bilen reformizmiň arasyndaky göreş.
8-nji tema. Afrika ýurtlarynda kolonializm we ösüş meseleleri.
II BAP JAHAN URUŞLARY ARALYGYNDA SIWILIZASIÝANYŇ ÖSÜŞINIŇ IKI UGRY: LIBERAL-DEMOKRATIÝA HEM-DE TOTALITAR WE AWTORITAR DIKTATURA ÝURTLARY.
9-njy tema. Birinji jahan urşunyň gelip çykyş sebäpleri we netijeleri.
10-njy tema. Liberal-demokratik ýurtlarda ösüşiň täze meseleleri.
11-nji tema. Totalitar we awtoritar diktatura ýurtlary: täze uruş ojagynyň peýda bolmagy.
12-nji tema. Aziýa ýurtlarynda garaşsyzlyk we ösüş meseleleri.
13-nji tema. Afrikada milli galkynyş we garaşsyzlyk taglymlarynyň peýda bolmagy.
14-nji tema. Ikinji jahan urşunyň gelip çykyş sebäpleri we netijeleri.
III BAP 1945 – 1991-NJI ÝYLLARDA ÝEWROPA WE DEMIRGAZYK AMERIKA ÝURTLARY.
15-nji tema. Günbatar Ýewropa we Demirgazyk Amerika ýurtlarynyň ösüşiniň esasy ugurlary.
16-njy tema. SSSR-iň we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň ösüşiniň esasy ugurlary.
17-nji tema. ABŞ: täze lideriň peýda bolmagy.
18-nji tema. Beýik Britaniýa we Fransiýa: Täze Ýewropany gurmak.
19-njy tema. Germaniýa we Italiýa: şowsuzlykdan soňky ösüş.
20-nji tema. Günbatar Ýewropada ykdysady we syýasy integrasiýa prosesleri.
21-nji tema. Günorta we Demirgazyk Ýewropa ýurtlary: diktatura we demokratiýa.
22-nji tema. Sowet Soýuzyndaky özgertmeler we krizis: imperiýanyň ýatyrylmagy.
23-nji tema. Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary totalitarizm we demokratiýa aralygynda.
IV BAP OÝANÝAN DÜNÝÄ: 1945–1991-NJI ÝYLLARDA AZIÝA, AFRIKA WE LATYN AMERIKASY ÝURTLARY.
24-nji tema. Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň ösüşiniň esasy ugurlary.
25-nji tema. Ýaponiýa, Hytaý we Günorta Koreýa: Aziýa siwilizasiýasy gymmatlyklary we Günbatar önümçilik usulynyň sazlaşyklygy.
26-njy tema. Hindistanda we Päkistanda garaşsyzlygyň çylşyrymly ýoly.
27-nji tema. Türkiýe, Eýran we Owganystan: dini gymmatlyklar we häzirki zaman siwilizasiýanyň meseleleri.
28-nji tema. Siriýa, Yrak we Günorta-Günbatar Aziýa ýurtlary.
29-njy tema. Latyn Amerikasynda milli reformizm we ösüşiň başga ýollary.
30-njy tema. Afrikada garaşsyzlyk, garyplyk we ösüş meseleleri. Aparteid we oňa garşy göreş.
31-nji tema. XX asyryň ikinji ýarymynda ylym-bilimiň we medeniýetiň ösüşi.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Dünýä taryhy, 10 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2022 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Хештеги: :: :: :: :: ::