Книги по биологии для 10 класса на туркменском языке.
Siz 7-9-synplarda okuw dowamynda “Biologiýa” sapaklarynda tebigat baradaky köpsanly düşünje we adalgalar, kanunyýetler bilen tanyşdyňyz. Bu okuw ýylynda siz biologiýany okamagy dowam edersiňiz. Biologiýa janly organizmleriň gurluşy, özüne mahsus hususyýetleri, köpelmegi, rowaçlanmagy, gelip çykyşy, tebigy toparlar we ýaşaýyş gurşawy bilen özara gatnaşyklaryny öwrenýär. Biologik bilimler size älemiň ylmy dünýäsini giňden düşünen ýagdaýda, geljekde şahs sypatynda şekillenmegiňiz, hünär saýlamagyňyz, ylmy dünýägaraýşyňyzy giňeltmegiňiz hem-de ekologik düşünjelere eýe bolmagyňyza esas döredýär. Bu okuw kitabynyň kömeginde siz biologiýa sapaklarynda we özbaşdak ýaşaýşyň aşaky gurluş derejesinden ýokary gurluş derejesine çenli tebigata bitewi sistema sypatynda garamagy, biologik düşünje, nazaryýet we kanunyýetlerini umumylaşdyrmagy, olaryň arasyndaky sebäp-netije zynjyryny ornatmak arkaly bir sistema getirmegi öwrenersiňiz.
Ýaşaýşyň biosfera derejesi.
Ekologik nukdaýnazaryndan biosfera Ýer şaryndaky ähli ekosistemalary birleşdirýän, üznüksiz madda we energiýa çalşygy bolup geçýän global ekosistema. Biosfera - Ýer şarynyň janly organizimler ýaşaýan gabygy. Biosferanyň durnuklylygy onda geçýän ähli hadysalaryň tetipliliginde biosferany düzýän janly organizmleriň özara çylşyrymly köpdürliliginde, maddalar döwürleýin aýlawynyň dinamik deňagramlylygynda ýüze çykýar. Biosferanyň esasy wezipesi Ýerdäki ýaşaýyş şekilleriniň köpdürliligini we olaryň uzak wagt dowamynda saklanmagyny üpjün etmekden ybarat. Biosfera derejesinde Ýerdäki ýaşaýyş prosesleriniň dowamlylygyny üpjün edýän möhüm global prosesler ýüze çykýar. Gün energiýasynyň üznüksiz kabul edilmegi, fotosintez prosesinde erkin kislorodyň emele gelmegi ýaly proseslere gözegçilik edilýär. Ozon gatlagy we kömürturşy gazy mukdarynyň hemişeligi, görnüşler we ekosistemalaryň biologik köpdürliligi biosferanyň bardygyny belgileýän şertleriň biri hasaplanýar.
Häzirkizaman biologiýa biosfera derejesinde umumadamzat meseleleri, meselem Ýer şary ösümlikler örtügi tarapyndan kislorod bölüp çykaryş jedelligini anyklamak, atmosfera düzümindäki kömürturşy gazy konsentrasiýasynyň ynsan işjeňligi bilen bagly ýagdaýda üýtgemegi, Ýer ýüzünde biologik köpdürliligiň hem-de biosferanyň dinamiki we durnukly ýagdaýyny saklap galmaga ugrukdyrylan problemalary çözýär.
MAZMUNY.
I BAP. MOLEKULÝAR BIOLOGIÝA.
1.1. Biologiýa ylym sypatynda.
1.2. Amaly iş. Ýaşaýşyň gurluş derejelerini modelleşdirmek.
1.3. Janly organizimleriň himiki düzümi.
1.4. Amaly iş. Suwuň janly organizmler üçin ähmiýeti.
1.5. Uglewodlar.
1.6. Lipidler.
1.7. Beloklar.
1.8. Amaly iş. Biologiki infografika düzmek.
1.9. Nuklein kislotalar.
1.10. Amaly iş. DNK we RNK gurluşyna degişli meseleler çözmek.
II BAP. ÖÝJÜK BIOLOGIÝASY.
2.1. Eukariot öýjük. Öýjük gabygy.
2.2. Sitoplazma. Öýjügiň membranasyz organoidleri.
2.3. Öýjügiň membranaly organoidleri.
2.4. Laboratoriýa işi. Plazmatik membrana geçirijiligine tempereturanyň täsirini öwrenmek.
2.5. Ýadro.
2.6. Prokariot öýjük.
2.7. Amaly iş. Prokariot we eukariot öýjükleriň gurluşyny deňeşdirip öwrenmek.
2.8. Öýjükde maddalar çalşygy. Öýjükde energetik çalşyk.
2.9. Amaly iş. Energiýa çalşygyna degişli mesele çözmek.
2.10. Öýjükde nesle geçiji maglumatyň amala aşyrylmagy.
2.11. Amaly iş. Belok biosintezi prosesini modelleşdirmek.
2.12. Prokariot we eukariot öýjükleriň bölünişi.
2.13. Meýoz.
2.14. Laboratoriýa işi. Mitoz prosesini mikropreparatlaryň kömeginde öwrenmek.
2.15. Amaly iş. Mitoz we meýoz fazalaryny deňeşdirmek.
III BAP. ÝAŞAÝYŞ PROSESLERI.
3.1. Organizmleriň jynssyz köpelişi.
3.2. Gametogenez.
3.3. Organizmleriň jynsy köpelişi.
3.4. Ösümlik we haýwanlaryň ýaşaýyş siklinde jynssyz we jynsy nesilleriň çalyşmagy.
3.5. Amaly iş. Ösümlikler (moh, kyrkgulak, kyrkbogun, tohumly ösümlik) ýaşaýyş siklinde jynssyz we jynsy bogunlaryň çalşygyny modelleşdirmek.
IV BAP. NESLE GEÇIJILIK WE ÜÝTGEÝJILIK.
4.1. Nesle geçijilik kanunyýetleri.
4.2. Amaly iş. Doly we doly däl dominantlyk boýunça meseleler çözmek.
4.3. Amaly iş. Kodominantlyk we pleýotropiýa degişli mesele çözmek.
4.4. Jyns genetikasy.
4.5. Alamatlaryň jynsa bagly ýagdaýda nesle geçijiligi.
4.6. Amaly iş. Jyns genetikasyna degişli meseleler çözmek.
4.7. Üýtgeýjilik.
4.8. Amaly iş. Modifikasion üýtgeýjiligi öwrenmek.
4.9. Genotipik üýtgeýjiligiň görnüşleri.
4.10. Amaly iş. Modifikasion we mutasion üýtgeýjilikleri deňeşdirip öwrenmek.
V BAP. GENETIK INŽENERIÝA WE BIOTEHNOLOGIÝA.
5.1. Genetik inženeriýa.
5.2. Öýjük nesle geçijiligini üýtgetmek.
5.3. Biotehnologiýa.
5.4. Amaly iş. Restriktazalardan peýdalanmagy öwrenmek we miwe şerbedini öndürmekde pektinazadan peýdalanmagy öwrenmek.
VI BAP. EKOSISTEMA.
6.1. Ekosistemanyň düzüm bölekleri.
6.2. Amaly iş. Ekosistemanyň düzüm böleklerini anyklamak.
6.3. Ekologik faktorlar.
6.4. Taslama işi. Dürli gurşaw şertlerinde ösýän ösümlikleriň gurluşyny deňeşdirmek.
6.5. Ekosistemanyň trofik strukturasy.
6.6. Amaly iş. Iýmit zynjyry we iýmit toruna degişli shemalar düzmek we mesele çözmek.
VII BAP. EWOLÝUSIÝA.
7.1. Ewolýusiýany hereketlendiriji faktorlar.
7.2. Amaly iş. Populýasiýalaryň demografik görkezijilerini Hardi-Waýnberg kanuny esasynda öwrenmek.
7.3. Tebigy seçgi.
7.4. Organiki älemdäki uýgunlaşmalar – ewolýusiýa netijesi.
7.5. Amaly iş. Organizmleriň ýaşaýyş gurşawyna uýgunlaşmagyny öwrenmek.
7.6. Görnüşleriň peýda bolmagy.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Biologiýa, 10 synp, Saparow K., Azimow I., Umaraliýewa M., 2022 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Хештеги: #учебник на туркменском языке :: #биология :: #Saparow :: #Azimow :: #Umaraliýewa :: #10 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Следующие учебники и книги:
- Биология, Решение задач на ЕГЭ, Белогорцева Е.В., Безматерных Т.Л., 2019
- Биоэкологические особенности муравьёв и их распространение в Самарской области, Монография, Астафьев В.М., 2009
- Книга о лошади, Настольная книга коннозаводчика, коневода, коневладельца и любителя лошади, Урусов С.П., 2023
- Экскурсии в природу, Томск глазами фенолога, Рудский В.Г., 2012
Предыдущие статьи:
- Биология, 10 синф, Сапаров К., Азимов И., Умаралиева М., 2022
- Биология, 10 класс, Сапаров К., Азимов И., Умаралиева М., 2022
- Биология, 10 сынып, Сапаров К., Азимов И., Умаралиева М., 2022
- Biologiya, 10 klas, Saparov K., Azimov I., Umaraliyeva M., 2022