Учебник по физике для 8 класса на туркменском языке.
Gündelik durmuşy elektrik energiýasyz göz öňüne getirip bolmaýar. Şol sanda, öýümizdäki lampoçka, telewizor, sowadyjy, radio, ütük, elektrik çäýnek, kompýuter ýaly enjamlaryň ählisi elektrik energiýasynyň hasabyna işleýär.
Dürli zawodlar we fabrikler, önümçilik kärhanalary hem-de edaralarda hem elektrik energiýasyndan peýdalanylýar. Mahlasy, elektrik energiýasy durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen. Umuman alanda, elektrigiň açyş edilmegi we ondan peýdalanmak mümkinçilikleri misli görülmedik ösüşe sebäpçi boldy. Durmuşymyz has-da eşretli bolmagy üçin elektrotehnika, radiotehnika, elektronika, awtomatika, maglumat tehnologiýasy, nanotehnologiýalar ýaly ugurlarda alymlar, inženerler we başga ugruň hünärmenleri gözlegleri alyp barýarlar. Alymlar we inženerler tarapyndan edilen täze açyşlar netijesinde bu pudaklar has-da ýokarlanýar. Şu sebäpli, elektrik barada maglumatlara eýe bolmak üçin siz fizika derslerinde elektrik hadysalary, elektrik we magnit meýdany, elektrik togy, elektromagnit hadysalary öwrenersiňiz hem-de elektrik energiýany öndürmek we geçirmek, ýönekeý elektrik enjamlaryň we gurluşlaryň işleýiş prinsipi bilen tanyşarsyňyz.
Ýyldyrym we gök gürrüldisi.
Yyldyrym çakyşyny we gök gürrüldisini köp görensiňiz. Olaryň emele gelşini dürli alamatly elektrik zarýadlarynyň özara täsiri esasynda düşündirmek mümkin. Bir jisim ikinji jisime sürtülende, elektrik zarýady emele gelýär. Dürli alamatly zarýadlar bilen güýçlüräk zarýadlanan jisimler bir-birine ýakynlaşdyrylsa, uçgun çykýar we çyrsyldan ses eşidilýär.
Mälim bolşy ýaly, howada suw buglary bar. Asmanda howanyň temperaturasy barha peselmegi bilen suw buglary birleşip, maýda suw bölejiklerini emele getirýär. Şeýle suw bölejikleri toplanan ýer bize ak bulut bolup görünýär. Howanyň temperaturasy has peselse, suw bölejikleri irileşip, olar gara buluda öwrülip başlaýar. Bulut ýüzüp gezen ýerde ho-wanyň has-da sowap gitmegi bolsa suw bölejik-leriniň buza öwrülmegine getirýär.
MAZMUNY.
Giriş.
I ВАР. ELEKTRIK ZARÝADY. ELEKTRIK MEÝDANY.
1-§. Jisimleriň zarýadlanyşy.
2-§. Elektrik zarýady.
3-§. Zarýadlaryň özara täsiri. Kulonyň kanuny.
4-§. Meseleler çözmek.
5-§. Elektrik meýdany.
6-§. Geçirijilerde elektrik zarýadlarynyň paýlanyşy.
7-§. Meseleler çözmek.
8-§. Tebigatdaky elektrik hadysalar.
I baby gaýtalamak üçin test ýumuşlary.
I bap boýunça möhüm netijeler.
II ВАР. ELEKTRIK TOGY.
9-§. Elektrik togy barada düşünje.
10-§. Tok çeşmeleri.
11-§. Elektrik güýjenme we ony ölçemek.
12-§. Toguň güýji we ony ölçemek.
13-§. Meseleler çözmek.
14-§. Laboratoriýa işi. Elektrik zynjyry ýygmak, onuň dürli böleklerindäki toguň güýjüni we naprýaženiýäni ölçemek.
15-§. Elektrik garşylyk.
16-§. Rezistorlar. Reostatlar. Potensiometrler.
17-§. Zynjyryň bir bölegi üçin Omuň kanuny.
18-§. Meseleler çözmek.
19-§. Laboratoriýa işi. Omuň kanunyny öwrenmek.
20-§. Amaly sapak. Reostatyň kömeginde toguň güýjüni sazlamak.
21-§. Sarp edijileri yzygider birikdirmek.
22-§. Sarp edijileri parallel birikdirmek.
23-§. Amaly sapak. Tok çeşmelerini birikdirmek.
24-§. Laboratoriýa işi. Geçirijileri yzygider we parallel birikdirmegi öwrenmek.
25-§. Sarp edijileri gatyşyk birikdirmek (Amaly sapak).
26-§. Meseleler çözmek.
27-§. Elektrik sygymy. Kondensatorlar.
28-§. Kondensatorlary parallel we yzygider birikdirmek.
29-§. Meseleler çözmek.
II baby gaýtalamak üçin test ýumuşlary.
II bap boýunça möhüm netijeler.
III ВАР. ELEKTRIK TOGUNYŇ IŞI WE KUWWATY.
30-§. Elektrik togunyň işi.
31-§. Elektrik togunyň kuwwaty.
32-§. Meseleler çözmek.
33-§. Laboratoriýa işi. Sarp edijiniň (lampoçka) elektrik kuwwatyny anyklamak.
34-§. Elektrik togunyň täsirinde geçirijileriň gyzmagy.
35-§. Meseleler çözmek.
36-§. Joulyň-Lensiň kanunynyň amalda ulanylyşy.
37-§. Öýlerdäki elektrik zynjyrlar we birikdirmeler.
38-§. Elektrik howpsuzlyk çäreleri.
39-§. Meseleler çözmek.
III baby gaýtalamak üçin test ýumuşlary.
III bap boýunça möhüm netijeler.
IV BAP. DÜRLI GURŞAWLARDA ELEKTRIK TOGY.
40-§. Metallarda elektrik togy.
41-§. Suwuklyklarda elektrik togy.
42-§. Elektroliz. Faradeýiň birinji kanuny.
43-§. Faradeýiň ikinji kanuny.
44-§. Meseleler çözmek.
45-§. Elektrolizden durmuşda we tehnikada peýdalanmak.
46-§. Wakuumda elektrik togy.
47-§. Gazlarda elektrik togy.
48-§. Elektrik zarýadlaryň görnüşleri we olardan peýdalanmak.
IV baby gaýtalamak üçin test ýumuşlary.
IV bap boýunça möhüm netijeler.
V ВАР. MAGNIT MEÝDANY.
49-§. Magnit meýdany. Hemişelik magnit we onuň polýuslary.
50-§. Magnit meýdanyny häsiýetlendirýän parametrler.
51-§. Ýeriň magnit meýdany.
52-§. Toguň magnit meýdany.
53-§. Magnit meýdanynyň tokly geçirijä täsiri.
54-§. Meseleler çözmek.
55-§. Bir jynsly magnit meýdanynda tokly ramkanyň aýlanma hereketi.
56-§. Magnit meýdanynda zarýadlanan bölejigiň hereketi.
57-§. Elektromagnitler. Elektromagnit rele.
58-§. Laboratoriýa işi. Iň ýönekeý elektromagniti ýygmak we onuň işleýşini öwrenmek.
59-§. Hemişelik toguň elektrik dwigateli.
60-§. Meseleler çözmek.
V baby gaýtalamak üçin test ýumuşlary.
V bap boýunça möhüm netijeler.
Gönükmeleriň jogaplary.
Baplary gaýtalamak üçin test ýumuşlarynyň jogaplary.
Feýdalanylan edebiýatlar.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Fizika, 8 synp, Habibullaýew P., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Хештеги: #учебник на туркменском языке :: #физика :: #Habibullaýew :: #8 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Следующие учебники и книги:
- Физика, 9 синф, Ҳабибуллаев П., 2019
- Методы зондирования окружающей среды, атмосферы, Киселев В.Н., Кузнецов А.Д., 2004
- Физика, 8 синф, Ҳабибуллаев П., 2019
- Межзвездная газодинамика, Каплан С.А., 1958
Предыдущие статьи:
- Физика, 8 класс, Хабибуллаев П., 2019
- Fizika, 8 klas, Habibullayev P., 2019
- 99 секретов физики, Черепенчук В., 2017
- Физика, 11 синф, Турдиев Н.Ш., 2018