Saz, 5 synp, Mansurow A., Karimowa D., 2020

Saz, 5 synp, Mansurow A., Karimowa D., 2020.

Учебник по музыке для 5 класса на туркменском языке.

  Eliňizdäki «Saz» dersligi Respublikamyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriň 5-nji synp okuwçylary üçin Döwlet tälim standarty esasynda döredilen. Ondan ýer alan nazary we amaly materiallar hem-de saz we aýdymlar okuwçylary saz sungatynyň käbir žanrlary bilen ýakyndan tanyşdyrýar. Olary milli buýsanç we watanperwerlik duýgulary esasynda terbiýeleýär.

Saz, 5 synp, Mansurow A., Karimowa D., 2020


SIMFONIK ORKESTR WE ONUŇ KIRIŞLI-KEMANLY SAZ GURALLARY TOPARY.
Simfonik orkestr-orkestrleriň görnüşleriniň içinde bütin dünýä giň ýaýranlygy bilen hemmä mälim. Onuň düzümine girýän saz gurallary we ýerine ýetiriliş ugurlary esasan XVIII asyrda şekillenen. Nemes kompozitory – Ý.Gaýdn, W.Mosart, Lýudwig Wan Bethowen, rus kompozitory Pýotr Iliç Çaýkowskiý, özbek kompozitory Mirsadyk Tajiýewler simfonik orkestr üçin ýokary döredijilik nusgalaryny döredip, simfoniýa, konsert, poema, uwertýura ýaly žanrlardaky eserleri ýazyp galdyrdylar. Bu orkestr üçin ençeme täze nesil kompozitorlary hem göreldeli eserleri döredip gelýärler.

Simfonik orkestrde saz gurallary 4 topara bölünýär we partiturada ýokardan pese aşakdaky ýaly ýerleşýär:
– üflenip çalynýan agaç sazly gurallary;
– üflenip çalynýan mis saz gurallary;
– urma-kakylýan saz gurallary;
– kirişli-kemanly saz gurallary.

Kirişli-kemanly saz gurallary topary – orkestriň iň esasy topary hasaplanýar. Bu topara I, II skripkalar, alt, wiolonçel, kontrabaslar girýär we olar 5 nota hatarlaryny eýeläp, partituralaryň iň peski böleginden ýer alýar. Sanap geçilen saz gurallary eseriň esasy heň ýollaryny ýerine ýetirmek bilen birlikde ýoldaş heňler we usul-garmoniýa görnüşlerinde goşulyşmagy-da mümkin.

MAZMUNY.
Sözbaşy.
I ÇÄRÝEK.
1-2-nji dersler. Orkestr. Orkestriň görnüşleri barada. Özbek halk saz gurallary orkestri we onuň üflenip çalynýan saz gurallary topary.
Özbegistan Respublikasynyň döwlet senasy.
Sözleri А. Oripowyňky, Sazy М. Burhanowyňky.
3-nji ders. Özbek halk saz gurallary orkestriniň kirişli-kaylyp çalynýan we mizrobly saz gurallary topary.
Aziz ustozlar. Sözleri Tolkunyňky, Sazy S. Babaýewiňki.
4-nji ders. Özbek halk saz gurallary orkestriniň kirişli-kemanly saz gurallary topary.
5-nji ders. Özbek halk saz gurallary orkestriniň kakylyp çalynýan saz gurallary topary.
Oltin kuz qo‘shig‘i. Sözleri N. Narzullaýewiňki, Sazy A. Mansurowyňky.
6-njy ders. Simfonik orkestr we onuň kirişli-kemanly saz gurallary topary.
7-8-nji dersler. Simfonik orkestriň üflenip çalynýan agaç we mis saz gurallary topary.
Bolalarning ko‘zlari. Sözleri K. Atanyňky, Sazy M. Atajanowyňky.
9-njy ders. Simfonik orkestriň kakylyp çalynýan saz gurallary topary.
Chumoli. Sözleri R.Ishakowyňky, Sazy A. Rasulowyňky.
II ÇÄRÝEK.
1-2-nji dersler. Hor sungaty. Hor toparlarynyň gurluşy we görnüşleri.
Yomg‘ir yog‘aloq. Sözleri F. Şaysmaýylyňky, Sazy B. Umidjanowyňky.
3-4-nji dersler. Horda aýtmak üçin halk aýdymlaryny laýyklaşdyrmak.
Boychechak. Ş. Ýormatow çagalar hory üçin laýyklan.
5-nji ders. Sazda wokal-simfonik žanrlar.
O‘zbekistonim. Sözleri F.Şaysmaýylyňky, Sazy Ş.Ramazonowyňky.
6-7-nji dersler. Kasyda žanry. Kantanta we oratoriýalar.
Oppoq qish-ey, oppoq qish. Sözleri P. Möminiňki, Sazy A. Warelasyňky.
III ÇÄRÝEK.
1-nji ders. Sahna saz eserleri.
Serhetçiniň aýdymy. Sazy G. Nuryýewiňki, Sözleri N. Gurbanmyradowyňky.
2-3-nji dersler. Balet sungaty. Özbek baleti.
Sumalak. Sözleri T. Bahromowyňky, Sazy Ş. Ýormatowyňky.
4-5-nji dersler. Özbek tans sungaty. Özbek tans mekdepleri.
Barkamol avlod. Sözleri M.Mürzäniňki, Sazy I.Ýoldaşewanyňky.
6-njy ders. Horezm tans mekdebi.
7-nji ders. Garagalpak tans mekdebi.
Sumalak. Sözleri A. Obidjanyňky , Sazy H. Hasanowanyňky.
8-nji ders. Sazli drama we komediýa.
9-njy ders. Uzeir Hojibekowyň “Arshin mol-olon” sazly komediýasynyň dünýä halklarynyň sungatyndaky orny we ähmiýeti.
Varrak. Sözleri U.Abduazimowanyňky, Sazy I. Ýoldaşewanyňky.
10-njy ders. Respublikan teatrlarda çagalar üçin döredilen sazly
erteki-tomaşalar.
IV ÇÄRÝEK.
1-nji ders. Opera sungaty.
Zavqing soch qaldirg‘och. Sözleri K. Atanyňky, Sazy N.Narhojaýewiňki.
2-nji ders. Jahan opera sungatynda J. Werdiniň döredijiliginiň orny we ähmiýeti.
3-nji ders. W. Mosart, J. Bize, P. Çaýkowskiý, N. Rimskiý-Korsakow ýaly dünýä ykrar eden kompozitorlaryň operalary.
Mukaddeslik. Sözleri H.Allamyradowyňky, Sazy G. Çaryýewiňki.
Mähribanym eje jan. Sözleri T.Sadykowyňky, Sazy A. Abdullaýewiňki.
4-nji ders. Özbek sazynda opera žanry.
5-nji ders. Muhtar Aşrafynyň özbek sazynyň ösüşindäki orny.
Quvnoq Yomg‘ir. Sözleri A. Obidjanyňky, Sazy A. Mansurowyňky.
6-njy ders. Suleýman Ýudakowyň “Maysaraning ishi” operasy, onuň dörediliş taryhy, orny we ähmiýeti.
7-8-nji dersler. Çagalar üçin operalar.
Awaz Mansurowyň “Hayvonlar sultoni” operasy.
Quyosh bilan suhbat. Sözleri H. Kaýumowyňky, Sazy A.Mansurowyňky.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Saz, 5 synp, Mansurow A., Karimowa D., 2020 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Хештеги: :: :: :: ::