Учебник по музыке для 6 класса на туркменском языке.
Eziz okuwçylar! Hödürlenýän 6-njy synp «Saz» dersligi Sizi saz döredijiliginiň nusgawy älemi bilen tanyşdyrýar. Nusgawy saz her taraplaýyn ýetik we kämil bolan eserleri öz içine alýar.
Olar her bir nesil tarapyndan pugta öwrenilen we geljek üçin mynasyp mirasdar bolmaga çagyrýan döredijiligiň uly çeşmesi bolup gelipdir.
KLASSYK SAZ.
«Klassyk saz» – ökde sazanda, aýdymçy hem-de kompozitorlaryň döredijiliginiň iň ajaýyp dürdäneleri bolan mukamlar, uly göwrümdäki çylşyrymly aýdym we sazlary öz içine alýar. Amalda oňa «klassyk saz» ýa-da «kesp sazy» hem diýilýär. Diýmek, klassyk saz halk döredijiliginiň professional ugruna has bolan iň ajaýyp saz nusgalarydyr. Bu ugra has bolan eserler zehinli kompozitorlar tarapyndan döredilen hem-de beýik tejribä eýe bolan aýdymçy we sazandalar tarapyndan ýerine ýetirilip gelinýär. Olaryň mazmuny çylşyrymly we kämildir. Şol sebäpden olary ýerine ýetirmek üçin ukyply, talantly saz sowadyna eýe bolmalydyr. Klassyk saz gadymdan ýaşlara ussatlar tarapyndan öwredilip gelinýär. Muňa adatda, halypa-şägirt däpleri diýilýär we ol häzire çenli dowan edip gelýär.
Klassyk saz uly göwrümdäki aýdym we sazlardan düzülýär. Olaryň mazmuny we şekili dürli-dürlüdir. Biziň diýarymyzyň şiwe taýdan 4 sany uly oazise bölünýändigi mälimdir. Bular:
Buhara–Samarkant, Horezm, Surhanderýa–Kaşkaderýa we Fergana–Daşkent oazisleridir. Şiwe diňe bir dilde däl, eýsem saz heňlerinde hem öz şöhlelenmesini tapýar.
MAZMUNY.
Sözbaşy.
Özbegistan Respublikasynyň Döwlet senasy.
I ÇÄRÝEK.
Klassyk saz hakynda düşünje.
1-nji tema. Klassyk saz.
2-nji tema. Klassyk sazlar.
3-nji tema. Klassyk aýdym.
4-nji tema. Şaşmakom – klassyk sazymyzyň esasy.
5-nji tema. Fergana – Daşkent oazisiniň klassyk sazlary. Uly aýdym.
6-njy tema. Horezm oazisiniň klassyk sazy.
7-nji tema. Surhanderýa we Kaşgaderýa klassyk sazy.
8–9-njy sapaklar. Klassyk sazyň medeniýetimizdäki orny.
Barlag işi.
Krossword.
II ÇÄRÝEK.
Häzirki zaman sazy we onuň esasy aýratynlyklary.
1-nji tema. Häzirki zaman özbek sazy.
2-nji tema. Häzirki zaman sazy.
3-4-nji temalar. Folklor sazy we dessançylyk sungaty.
5-nji tema. Estrada sazy. B.Zakirow we Ýalla. topary.
6-njy tema. Saz sungaty boýunça bäsleşikler we festiwallar.
Barlag işi.
III ÇÄRÝEK.
Gündogar halklarynyň klassyk sazy.
1-nji tema. Gündogar mukamlary.
2-nji sapak. Türk, azerbaýjan klassyk sazy.
3-nji tema. Türkmen halk klassyk sazy.
4-nji tema. Eýran we arap halk klassyk sazy.
5-njy tema. Hytaý we uýgur halk klassyk sazlary.
6-njy tema. Ýapon we hindi klassyk sazy.
7–8-nji temalar. Gazak we gyrgyz halklarynyň klassyk sazy.
9-njy tema. Gündogar halklarynyň professional sazynyň meňzeşligi.
Barlag işi.
IV ÇÄRÝEK.
Ýewropa klassyk sazy hakynda düşünje.
1-nji tema. Ýewropa klassyk sazy.
2-nji tema. Wolfgang Amadeý Mosart.
3-nji tema. Simfoniýa barada düşünje.
4-nji tema. Lýudwig Wan Bethowen.
5-nji tema. Friderik Şopen.
6-njy tema. Mihail Iwanowiç Glinkanyň ömri we döredijiligi. Ýewropa sazynyň dünýä halklarynyň arasynda ýaýramagy.
Barlag işi.
Krossword.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Saz, 6 synp, Begmatow S., 2017 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Хештеги: #учебник на туркменском языке :: #музыка :: #Begmatow :: #6 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Следующие учебники и книги:
- Muzika, 5 klas, Mansurov A., Karimova D., Kamalova G., 2020
- Мусиқӣ, 5 синф, Мансуров А., Каримова Д., 2020
- Музыка, 2 сыныб, Нурматов Х., Нарқожаев Н., Жанайдаров Ш., 2018
- Мусиқӣ, 6 синф, Бегматов С., 2017
Предыдущие статьи:
- Музыка, 5 сынып, Мансуров А., Каримова Д., 2020
- Saz, 5 synp, Mansurow A., Karimowa D., 2020
- Школа игры на фортепиано
- Muzika, 3 klas, Nurmatov H., Norxujayev N., Amaniyazov G., Tajetdinova S., 2019