Tebigaty öwreniş, 3 synp, Bahromow А.A., Şaripow Ş., Nabiyewa M., 2019

Tebigaty öwreniş, 3 synp, Bahromow А.A., Şaripow Ş., Nabiyewa M., 2019.

Учебник по естествознанию для 3 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Gijesine asmanda Aý we ýyldyzlar görünýär. Gündizine Gün Ýer ýüzüni ýagtylandyrýar we gyzdyrýar. Gün şöhlesinden dag, ýaýla, tokaý, çöllerdäki ösümlikler ösýär. Daglarda we düzlüklerde, tokaýlarda we çöllerde dürli haýwanlar ýaşaýar. Asmanda her hili guşlar perwaz edýärler. Käte asmanda bulutlar peýda bolýar. Käbir günler ýagyş ýagýar. Howa sowap 0°C-dan peselende bolsa gar ýagýar. Gar we ýagyş suwlaryndan derýalar emele gelýär. Ençeme derýalar öz suwuny köllere ýa-da deňizlere guýýar. Derýalar, köller we deňizler dürli suw otlaryna we suw haýwanlaryna baý. Bularyň ählisi tebigatdyr.

Tebigaty öwreniş, 3 synp, Bahromow А.A., Şaripow Ş., Nabiyewa M., 2019


Suwuň ähmiýeti.
Daglardaky we düzlüklerdäki, tokaýlardaky, ýaýlalardaky hem-de çöllerdäki ösümlikler, esasan, ýagyş suwunyň hasabyna ösýär.

Çöller iň kem ýagyş ýagýan ýerlerdir. Şonuň üçin çöllerde ösümlikler kem ösýär. Ýer ýüzünde şeýle uly çöller bar bolup, olaryň käbir böleklerinde ýylboýy ýagyş ýagmaýar. Beýle ýerlerde ösümlikler ösmeýär diýen ýaly. Käbir ýerlerde ösýän ösümlikler gaty uzyn kökleri arkaly ýeriň astyndaky suwdan doýunýar.

Ülkämizdäki Gyzylgum çölüniň käbir ýerlerinde baharky ýagyş suwundan soň gumuň astyndan otlar ösüp çykýar. Bu otlar jöwzaly tomusda gurap galýar. Şonuň üçin çölde tomusda ösümlikler kem ösýär (10-njy surat).

MAZMUNY.
GIRIŞ.
Tebigaty öwreniş nämäni öwrenýär?.
TEBIGATDA SUW WE HOWA.
Ýer üsti we ýerasty suwlar.
Suwuň aýratynlyklary.
Suwy goramak we tygşytlamak.
Tebigatda howa.
Howa ýagdaýynyň alamatlary.
Ýagynlar.
ÝERASTY BAÝLYKLAR.
Gazylyp alynýan peýdaly zatlar nireden alynýar?.
Gazylyp alnyp ýangyç hökmünde peýdalanylýan zatlar.
Gara we reňkli metallar.
Gurluşykda peýdalanylýan gazylyp alynýan baýlyklar.
Gazylyp alynýan zatlardan akylly başly peýdalanmak.
TOPRAK.
Toprak. Onuň gurluşy.
Topragyň hasyllylygy we ähmiýeti.
ÖSÜMLIKLER DÜNÝÄSI.
Tebigy ösümlikler.
Medeni ösümlikler.
Kartoşka. Gök önümler.
Haşal otlar.
Bakja ekinleri.
Miweli agaçlar.
Dekoratiw ösümlikler.
Dermanlyk ösümlikler.
Tut agajy. Ýüpek gurçugy.
HAÝWANAT DÜNÝÄSI.
Haýwanat älemi we onuň köpdürlüligi.
Mör-möjekler.
Guşlar we öý guşlary.
Öý haýwanlary.
Suwda ýaşaýan haýwanlar.
ADAMYŇ GURLUŞY.
Adamyň bedeni, derisi we skeleti.
Adamyň beýnisi, iýmit siňdiriş agzalary, öýken.
TEBIGATY GORAMAK.
Tebigat we adam.
Tebigaty goramak.
Egologik howpsuzlyk.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Tebigaty öwreniş, 3 synp, Bahromow А.A., Şaripow Ş., Nabiyewa M., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Хештеги: :: :: :: :: ::