Habibullaýew

Fizika, 9 synp, Habibullaýew Р., 2019

Fizika, 9 synp, Habibullaýew Р., 2019.

Учебник по физике для 9 класса на туркменском языке.
 
Фрагмент из книги:
«Termodinamika» sözi «termo» — «ýylylyk> we «dinamika» — «güýç», «hereket» sözlerinden alnan. Termodinamik metodda öwrenilýän maddanyň haly temperatura, basyş, göwrüm ýaly termodinamik parametrler bilen anyklanýar.
Molekulýar fizikany öwrenende statistik we termodinamik metodlaryň ikisi-de bir-birini doldurýar. Bu metodlardan gaz, suwuk we gaty halyndaky maddalaryň gurluşy we olarda geçýän prosesleri öwrenende peýdalanylýar.

Fizika, 9 synp, Habibullaýew Р., 2019
Скачать и читать Fizika, 9 synp, Habibullaýew Р., 2019
 

Fizika, 8 synp, Habibullaýew P., 2019

Fizika, 8 synp, Habibullaýew P., 2019.

Учебник по физике для 8 класса на туркменском языке.
 
   Gündelik durmuşy elektrik energiýasyz göz öňüne getirip bolmaýar. Şol sanda, öýümizdäki lampoçka, telewizor, sowadyjy, radio, ütük, elektrik çäýnek, kompýuter ýaly enjamlaryň ählisi elektrik energiýasynyň hasabyna işleýär.
Dürli zawodlar we fabrikler, önümçilik kärhanalary hem-de edaralarda hem elektrik energiýasyndan peýdalanylýar. Mahlasy, elektrik energiýasy durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen. Umuman alanda, elektrigiň açyş edilmegi we ondan peýdalanmak mümkinçilikleri misli görülmedik ösüşe sebäpçi boldy. Durmuşymyz has-da eşretli bolmagy üçin elektrotehnika, radiotehnika, elektronika, awtomatika, maglumat tehnologiýasy, nanotehnologiýalar ýaly ugurlarda alymlar, inženerler we başga ugruň hünärmenleri gözlegleri alyp barýarlar. Alymlar we inženerler tarapyndan edilen täze açyşlar netijesinde bu pudaklar has-da ýokarlanýar. Şu sebäpli, elektrik barada maglumatlara eýe bolmak üçin siz fizika derslerinde elektrik hadysalary, elektrik we magnit meýdany, elektrik togy, elektromagnit hadysalary öwrenersiňiz hem-de elektrik energiýany öndürmek we geçirmek, ýönekeý elektrik enjamlaryň we gurluşlaryň işleýiş prinsipi bilen tanyşarsyňyz.

Fizika, 8 synp, Habibullaýew P., 2019
Скачать и читать Fizika, 8 synp, Habibullaýew P., 2019
 

Fizika, 7 synp, Habibullaýew P.K., Baýdedaýew A., Bahromow A.D., 2017

Fizika, 7 synp, Habibullaýew P.K., Baýdedaýew A., Bahromow A.D., 2017.

Учебник по физике для 7 класса на туркменском языке.

   Biz 6-njy synpda fiziki ululyklar, maddanyň gurluşy, mehaniki, ýylylyk, ýagtylyk, ses hadysalary barada ilkinji maglumatlary aldyk. Şeýdip fizika ylmy barada ilkinji düşünjä eýe bolduk. Indi fizikanyň her bir bölümini jikme-jigräk öwrenmäge başlarys. Şol sanda, 7-nji synpda «Mehanika» bölümini öwrenýäris.

Fizika, 7 synp, Habibullaýew P.K., Baýdedaýew A., Bahromow A.D., 2017
Скачать и читать Fizika, 7 synp, Habibullaýew P.K., Baýdedaýew A., Bahromow A.D., 2017
 





 

2024-12-22 11:28:55