Учебник по геометрии для 8 класса на туркменском языке.
Фрагмент из книги:
Öňki temadan mälim bolşy ýaly, parallelogramyň häsiýetlerini ulanmak üçin köp ýagdaýlarda berlen dörtburçlugyň hakykatdan hem parallelogramdygyna göz ýetirmeli. Muny kesgitlemä görä (2-nji temadaky 1-nji meselä g.) ýa-da berlen dörtburçlugyň parallelogramdygyny tassyklaýan şertler – nyşanlar arkaly subut etmeli bolýar. Köplenç amalyýetde ulanylýan parallelogramyň nyşanlaryny subut edýäris. Indi parallelogramyň nyşanlary bilen tanyşýarys.

DOGRY KÖPBURÇLUKLY PARKETLER.
Siz, elbetde, parket barada mälim bir düşünjä eýesiňiz. Köplenç jaýlaryň, dürli desgalaryň pollary gönüburçluk, kwadrat we dogry altyburçly parketler bilen bezelýär.
Matematiki nukdaý nazardan garanda, parket – bu tekizligi geometrik şekiller bilen bir-birine dykyz we olary kesişmeýän edip ýerleşdirmekdir. Ilki dogry köpburçluklar – kwadrat, dörtburçluk we altyburçly parketlere garap geçýäris. Birmeňzeş kwadratlardan düzülen gözenekli depderiňiz iň ýönekeý parketlere mysal bolýar. 1-nji suratda dogry üçburçluklardan; 2-nji suratda kwadrat bilen dogry altyburçlukdan; 3-nji suratda bolsa dogry altyburçluklar, kwadratlar we deň taraply üçburçluklardan; 4-nji suratda dogry altyburçluklardan we üçburçluklardan düzülen owadan parketler şekillendirilen.
MAZMUNY.
7-nji synpda geçilenleri gaýtalamak.
I bap. Dörtburçluklar.
1-§. Esasy dörtburçluklar we olaryň häsiýetleri.
1-nji tema. Köpburçlugyň içki we daşky burçlarynyň häsiýeti.
2-nji tema. Parallelogram we onuň häsiýetleri.
3-nji tema. Parallelogramyň nyşanlary.
4-nji tema. Gönüburçluk we onuň häsiýetleri.
5–6-njy tema. Rombuň we kwadratyň häsiýetleri.
7–8-nji tema. Trapesiýa we onuň häsiýetleri.
2-§. Falesiň teoremasy we onuň ulanylyşy.
9-njy tema. Falesiň teoremasy.
10–11-nji tema. Üçburçluk orta çyzygynyň häsiýeti. Trapesiýa orta çyzygynyň häsiýeti.
12-nji tema. Amaly gönükme we ulanylyşy.
13–14-nji tema. 1-nji barlag işi. Ýalňyşlar üstünde işlemek.
1-nji test.
Taryhy maglumatlar.
II bap. Gönüburçly üçburçlugyň taraplarynyň we burçlarynyň arasyndaky gatnaşyklar.
3-§. Ýiti burçuň trigonometrik funksiýalary.
15-nji tema. Ýiti burçuň sinusy, kosinusy, tangensi we kotangensi.
16-njy tema. Ýiti burçuň sinusy, kosinusy, tangensi we kotangensi (dowamy).
4-§. Pifagoryň teoremasy we onuň ulanylyşy.
17-nji tema. Pifagoryň teoremasy we onuň dürli subutlary.
18-nji tema. Pifagoryň teoremasyna ters teorema.
19-njy tema. Pifagoryň teoremasynyň käbir ulanylyşy.
5-§. Trigonometrik toždestwolar.
20–21-nji tema. Esasy trigonometrik toždestwo we onuň netijeleri.
22-nji tema. Dolduryjy burçuň trigonometrik funksiýalary üçin formulalar.
23-nji tema. 30°, 45°, 60° li burçlaryň sinusy, kosinusy, tangensi we kotangensini hasaplamak.
6-§. Gönüburçly üçburçluklary çözmek.
24-nji tema. Trigonometrik funksiýalaryň bahalarynyň jedweli.
25-nji tema. Gönüburçly üçburçluklary çözmek.
26-njy tema. Gönüburçly üçburçluklary çözmek (dowamy).
27-nji tema. Gönüburçly üçburçluklary gurmak.
28-nji tema. Amaly gönükme we ulanylyşy.
29–30-nji tema. 2-nji barlag işi. Ýalňyşlar üstünde işlemek.
2-nji test.
Taryhy maglumatlar.
III bap. Koordinatalar usuly. Wektorlar.
7-§. Tekizlikde koordinatalar sistemasy.
31-nji tema. Tekizlikde nokadyň koordinatalary. Kesimiň ortasynyň koordinatalary.
32-33-nji tema. Iki nokadyň arasyndaky aralyk. Töweregiň deňlemesi.
34-nji tema. Göni çyzyk deňlemesi. Geometrik meseleler çözmegiň koordinata usuly.
8-§. Tekizlikde wektorlar.
35-nji tema. Wektor düşünjesi. Wektoryň uzynlygy we ugry.
36–37-nji tema. Wektorlary goşmak we aýyrmak.
38–39-njy tema. Wektory sana köpeltmek. Wektoryň koordinatalary.
40-nji tema. Koordinatalary bilen berlen wektorlaryň üstünde amallar.
41-nji tema. Wektoryň fiziki we geometrik düşündirişleri. Geometrik meseleler çözmegiň wektor usuly.
42-nji tema. Amaly gönükme we ulanylyşy.
43–44-nji tema. 3-nji barlag işi. Ýalňyşlar üstünde işlemek.
3-nji test.
Taryhy maglumatlar.
IV bap. Meýdan.
9-§. Köpburçlugyň meýdany.
45-nji tema. Meýdan barada düşünje.
46–47-nji tema. Gönüburçlugyň we parallelogramyň meýdany.
48-nji tema. Üçburçlugyň meýdany.
49–50-nji tema. Rombuň we trapesiýanyň meýdany.
51-nji tema. Köpburçlugyň meýdany.
52-nji tema. Amaly gönükme we ulanylyşy.
53–54-nji tema. 4-nji barlag işi. Ýalňyşlar üstünde işlemek.
4-nji test.
Taryhy maglumatlar.
V bap. Töwerek.
10-§. Töwerekdäki burçlar.
55-nji tema. Göni çyzyk we töweregiň özara ýerleşişi. Töwerege galtaşma we onuň häsiýetleri.
56-njy tema. Iki töweregiň özara ýerleşişi. Merkezi burçuň we duganyň gradus ölçegi.
57-nji tema. Töweregiň içinden çyzylan burç.
58-nji tema. Töweregiň kesijileri emele getiren burçlar.
59-njy tema. Töweregiň hordasynyň we diametriniň häsiýetleri.
60-nji tema. Amaly gönükme we ulanylyşy.
Üçburçlugyň ajaýyp nokatlary.
61–62-nji tema. 5-nji barlag işi. Ýalňyşlar üstünde işlemek.
5-nji test.
Taryhy maglumatlar.
VI bap. Gaýtalamak.
8-nji synpda geçilen temalary gaýtalamak üçin gönükmeler.
Jemleýji barlag işi. Ýalňyşlar üstünde işlemek.
6-njy test.
Goşmaça. Ýiti burçly trigonometrik funksiýalaryň bahalarynyň jedweli.
Javoblar.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Geometriýa, 8 synp, Rahimkariýew A.A., Tohtahodjaýewa M.A., 2017 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Хештеги: #учебник на туркменском языке :: #геометрия :: #Rahimkariýew :: #Tohtahodjaýewa :: #8 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Следующие учебники и книги:
- Geometriya, 9 klas, Xaydarov B.Q., Sariqov E.S., Qo‘chqorov A.Sh., 2019
- Геометрия, 8 сыныб, Рахымқариев A.A., Tухтахужаева M.A., 2019
- Геометрия, 8 синф, Рахимкориев А.Р., Тӯхтаходжаевва М.А., 2019
- Геометрия, 8 класс, Рахимкариев A.A., Тохтаходжаева M.A., 2019
Предыдущие статьи:
- Matematika, 5 sinf, Haydarov B.Q., 2015
- Математика, 5 синф, Ҳайдаров Б., 2015
- Геометрия, 9 синф, Ҳайдаров Б., Сариқов Э., Қӯчқоров А., 2014
- Математика, 6 синф, Мирзааҳмедов М.А., Раҳимқориев А.А., Исмаилов Ш.Н., Тӯхтаходжаева М.А., 2017