Учебник по истории для 9 класса на туркменском языке.
Siz garaşsyz Özbegistanyň perzentlerisiňiz. Dünýä taryhyny öwrenende döwletimiziň ýolbaşçysy Şawkat Mirziýoýewiň „... dünýäde, daş töweregimizde jemgyýetimizdäki durnukly ýagdaýy hatardan çykarmak, adamlaryň arasyna agzalalyk döretmek, duşmanlyk tohumyny sepmek, dürli dawalary getirip çykarmak we hatda gan dökülmegini isleýän güýçler hem, gynansak-da, ýok däl“, diýen sözlerini ýatda saklamalysyňyz we onuň kökleri XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlaryna baryp direlýändigini bilmelisiňiz.
Siz umumy orta bilim berýän mekdebiň 9-njy synpyna ädim goýduňyz. Siz 8-nji synpda „Dünýä taryhy“ boýunça XVI asyryň başlaryndan XIX asyryň ikinji ýarymyna çenli bolan döwri öwrendeňiz. Bu döwürde jemgyýetiň ösüşinde depgin güýçlendi. Önümçilik irileşdi. Syýasy demokratiýa resmileşip, ýokary gatlaklaryň hökümdarlyk şekilleri kämilleşdi. Siz dünýä taryhynyň iň gyzykly, şunuň bilen birlikde, çylşyrymly döwrüni öwrenýärsiňiz. Çünki bu döwürde dünýäde uly özgerişler bolup geçdi. Bu döwrüň esasy alamaty – önümçilikde monopolistik kapitalizm emele geldi. Dürli sindikatlar, karteller, konsernler emele geldi. Önümçilik merkezleşdi, daşary ýurda kapital çykarmak başlanýar. Ençeme döwletler 100 ýylda gazanyp bilmedik ösüşi gazandylar.
Industrial siwilizasiýa.
Siz 8-nji synp „Dünýä taryhy“ dersliginden XIX asyryň 50–60-njy ýyllarynda Günbatar Ýewropada we ABŞ-da senagat öwrülişiginiň ahyryna ýetenligini bilipdiňiz. Şeýlelikde, industrial siwilizasiýa üzül-kesil emele geldi. Bu siwilizasiýa – esasy gymmatlygy tehnikanyň ösüşi bolan siwilizasiýady. Siz bu hakda 10-njy synpda ýene-de köpräk maglumat alarsyňyz.
„Industrial siwilizasiýa“ adalgasynyň ýerine „industrial jemgyýet“ adalgasy hem ulanylýar we olar birmeňzeş manyny aňladýar.
Industrial siwilizasiýanyň alamatlaryndan biri – şäherleriň örän çalt ösmegi boldy. Bu, birinjiden, oba hojalygynda tehnikany ulanmak netijesinde bir bölek oba ilatynyň artykmaç güýç bolup, işsiz galmagy, olaryň iş gözläp şäherlere gelmeginiň hasabyna bolup geçdi.
Ikinjiden, kiçi şäherlerde ownuk söwdagärler we hünärmentçilik önümçiliginiň barha peselmegi, şonuň ýaly-da, transportdaky özgerişleriň, demir ýollaryň gurulmagynyň, senagat merkezleriniň iri şäherlere göçmeginiň hasabyna bolup geçdi. Adamlar iş gözläp we gün görmek üçin ýaşaýan ýerlerini özgertmäge mejbur boldy. Ýüz ýyllaryň dowamynda öz ýerlerinde ýaşap gelen ilat herekete geldi. Indi olar öz ýerlerini taşlap şäherlere gidip başlaýar. Obadan gitmek immigrasiýany hem emele getirdi. Indi adamlar başga ýurtlara hem gidip başladylar. Ýöne göçüşiň uly bölegini öz ýurtlarynyň içindäki migrasiýa düzdi.
MAZMUNY.
Giriş.
I bölüm DÜNÝÄ XIX ASYRYŇ AHYRY – XX ASYRYŇ BAŞLARYNDA.
I bap. DÜNÝÄNIŇ SOSIAL-YKDYSADY WE SYÝASY KEŞBI.
1-§. XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda kapitalizm ösüşinde bolup geçen düýpli özgerişler.
2-§. Industrial siwilizasiýa.
II bölüm ÝEWROPA WE AMERIKA DÖWLETLERI.
II bap. GÜNBATAR ÝEWROPA DÖWLETLERI XIX ASYRYŇ AHYRNDA WE XX ASYRYŇ BAŞLARYNDA.
3-§. Fransiýa – Prussiýa urşy we onuň jemleri.
4-§. Fransiýada Üçünji Respublika we 1871-nji ýylyň 18-nji mart döwlet agdarylyşygy.
5-§. XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda Fransiýadaky ykdysady we syýasy durmuş.
6-§. Fransiýanyň içki syýasaty.
7-§. Fransiýanyň daşary syýasaty.
8-§. XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda Germaniýa. Imperiýanyň döremegi.
9-§. Imperiýanyň içki syýasaty.
10-§. Imperiýanyň daşary syýasaty.
11-§. XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda Beýik Britaniýanyň syýasy we ykdysady ýagdaýy.
12-§. Beýik Britaniýanyň içki syýasaty.
13-§. Beýik Britaniýanyň daşary syýasaty.
III bap. XIX ASYRYŇ AHYRY – XX ASYRYŇ BAŞLARYNDA AMERIKA DÖWLETLERI.
14-§. Amerikanyň Birleşen Ştatlary.
15-§. ABŞ-nyň içki syýasaty.
16-§. ABŞ-nyň daşary syýasaty.
17-§. XIX asyryň ahyrynda we XX asyryň başlarynda Latyn Amerikasy döwletleri.
18-§. Latyn Amerikasynyň başga döwletleri.
IV bap. XIX ASYRYŇ AHYRY – XX ASYRYŇ BAŞLARYNDA RUS IMPERIÝASY, MERKEZI WE GÜNORTA-GÜNDOGAR ÝEWROPA DÖWLETLERI.
19-§. XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda Rus imperiýasynyň sosial-syýasy we ykdysady ýagdaýy.
20-§. Rus imperiýasynyň daşary syýasaty.
21-§. Russiýada Döwlet dumasynyň döredilmegi.
22-§. XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda Awstro-Wengriýa imperiýasy.
23-§. Awstro-Wengriýa imperiýasynyň daşary syýasaty.
24-§. XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda Italiýa.
25-§. XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda Balkan döwletleri.
III bölüm AZIÝA WE AFRIKA DÖWLETLERI.
V bap. XIX ASYRYŇ AHYRY – XX ASYRYŇ BAŞLARYNDA AZIÝA DÖWLETLERI.
26-§. XIX asyryň ahyry we XX asyryň başlarynda Ýaponiýa.
27-§. XIX asyryň ahyrynda Hytaý.
28-§. XX asyryň başlarynda Hytaýyň sosial-ykdysady we syýasy ýagdaýy.
29-§. XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda Hindistan.
30-§. XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda Eýran.
31-§. XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda Owganystan.
32-§. XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda Osmanly döwleti.
VI bap. XIX ASYRYŇ AHYRY – XX ASYRYŇ BAŞLARYNDA AFRIKA ÝURTLARY.
33-§. Demirgazyk Afrika ýurtlary.
34-§. Tropik we Günorta Afrika ýurtlary.
VII bap. 1914 – 1918-nji ýyllardaky Birinji jahan urşy.
35-§. Birinji jahan urşunyň başlanyşy we gidişi.
36-§. 1916 – 1917-nji ýyllardaky uruş hereketleri.
37-§. Birinji jahan urşunyň jemleri we netijeleri.
IV bölüm YLYM WE MEDENIÝET.
VIII bap. XIX ASYRYŇ AHYRY – XX ASYRYŇ BAŞLARYNDA YLMYŇ WE MEDENIÝEDEŇ ÖSÜŞI.
38-§. Maddy önümçilikde tehnikanyň we ylmyň ösüşi.
39-§. Anyk we tebigy ylymlaryň ösüşi.
40-§. Halk tälimi. Gumanitar ylymlar. Sungat.
41-§. Edebiýat.
Goşmaçalar.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Dünýä taryhy, 9 synp, Lafasow M., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Хештеги: #учебник на туркменском языке :: #история :: #Lafasow :: #9 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Следующие учебники и книги:
- Dünýä dinleriniň taryhy, 10 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., 2017
- Таърихи ҷаҳон, 9 синф, Лафасов М., Ҷӯраев У., Холиқов Э., Қодирова Д., 2019
- Дүние жүзі тарихы, 9 сыныб, Лафасов M., 2019
- Дүйнө тарыхы, 9 класс, Лафасов М., 2019
Предыдущие статьи:
- Jáhán tariyxı, 9 klas, Lafasov M., 2015
- Таърихи Ўзбекистон, 8 синф, Ҷўраев У., 2019
- Өзбекстан тарихы, 8 сыныб, Жураев У., 2019
- Ózbekistan tariyxı, 8 klas, Jurayev U., 2019