Учебник по литературе для 9 класса на туркменском языке.
Türkmenleriň «edebiýat» sözi «edep» sözünden ýasalypdyr. Bu onuň esasy wezipesini alamatlandyrýar. Ýaşlara edep-terbiýe bermek, nesilleriň öňdebaryjy adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky tagallalar söz sungatynyň esasy wezipeleriniň biri.
Türkmen edebiýaty türkmen halkynyň uly ruhy hemaýatçysydyr. Ol köpmilletli Özbegistanymyzda adamlaryň gaýduwsyz, janaýamazlykly zähmetleri, senagatyň hem oba hojalygynyň öňdebaryjylarynyň gahrymançylykly zähmet üstünlikleri, halkyň eşretli durmuşy, dostluk, watansöýüjilik, internasionalizm, parahatçylyk ugrundaky göreşi beýan edýär. Çeper edebýat okyjyny ruhy taýdan terbiýelemek bilen, adamlara nähili ýaşamalydygyny, nähili zähmet çekmelidigini, nähili göreşmelidigini öwredýär, durmuşda täze-täze üstünlikler gazanmaga ruhlandyrýar. Türkmen edebiýaty adamlarda ýokary ahlagy terbiýelemek wezipesini amala aşyrýar.
«KUTADGU BILIG» ESERI.
«Kutadgu bilig» eseri döwür talabyna görä döredilipdir. Ýagny, Garahanylar döwleti we onuň halkynyň bir ideýa ugrunda jebisleşmegi üçin zerurlygy bolupdyr. Şahyr ine şu beýik we jogapkärli işi ýerine ýetirmegi göz öňünde tutupdyr. Eseriň düýp manysynda merkezleşen döwleti gurmak, pugtalandyrmak, dürli han we begler arasynda agzybirligi saklamak, adalatly we akylly syýasat ýöretmek, adam ömrüniň wagtynçadygyny, manyly ömür sürmelidigini, ýaşaýşyň tertip kada-kanunlary bilen bagly ideýalar çeperçilik bilen beýan edilýär. Onda halkyň arzuw-islegleri suratlandyrylýar. Kitap esasan Garahanlylar döwletiniň alyp barýan syýasatynyň ideýa mazmuny hökmünde ýörite ähmiýete eýe bolupdyr.
Dessan mesnewi, goşgy düzüliş formasynda ýazylypdyr. (Mesnewi – ikileme; her iki setiri bir kapyýada bolan şygyr; liro-epiki we didaktiki eserleri ýazmaklygyň iň gadymy formalaryndan biri. Bu formanyň her bendi iki setirden, ýagny bir beýtden ybarat bolýar, olar özara kapyýalaşýarlar. Mesnewi möçberi boýunça uly we ortaça eserler ýazmak üçin peýdalanylýar. Bu formanyň haçan döränligi şu wagta çenli takyklanylmandyr.) Türk we pars edebiýatynda şalar baradaky eserler esasan şu formada ýazylan. Meselem: Firdöwsiniň «Şanama»sy, Iskender Makedonskiýniň durmuşy esasynda döreden soňky dessanlary, Alyşir Nowaýynyň «Saddy Iskenderiý» eserleri hem şu formadadyr.
MAZMUNY.
Giriş.
VI–XII asyrlar edebiýaty.
Ýusup Balasagunly. (XI asyr) «Kutadgu bilig» (bölek).
Omar Haýýam.
Hasan ata.
Hekim ata – Gul Süleýman Bakyrgany.
XIII–XIV asyrlar edebiýaty.
«Bezirgen».
Z.M. Babur.
Edebi hyzmatdaşlyk.
Durdy Şahyr.
Magtymguly.
XX asyryň türkmen edebiýaty.
B. Kerbabaýew. «Aýgytly ädim» romany.
G. Kulyýew. «Astrabatda».
N. Saryhanow. «Şükür bagşy».
B. Seýtäkow. «Ýazyjynyň Durdy Gylyç şahyr barada ýatlamalaryndan bölek».
S. Ataýew. «Delidäki türkmen derwezesi».
Gurbanmämmet şahyr.
A. Kekilow. «Söýgi» romany.
Edebiýat nazaryýeti. Liro–epik žanr. Liriki yzaçekilme.
Türkmen poýeziýasynyň ösüşi.
K. Gurbannepesow. «Tomus ýazgylary», «Ömrüme pent».
H. Kulyýew. «Ýaşlyk», «Ýene-de söýgi hakda», «Dana sözler».
G. Ezizow. «Serpaý», «Söýüň çagaňyzy», «Ata igenji».
G. Geldiýew. «Ykbal».
Garaşsyzlyk ýyllaryndaky Özbegistan türkmen edebiýaty.
Özbek edebiýaty.
M. Koşjanow.
M. Ýusup.
Tölepbergen Kaýypbergenow.
Abulkasym Ötepbergenow.«Allany unutma» kitabyndan.
Iňlis edebiýaty.
Wilýam Şekspir. «Otello».
Rus edebiýaty.
A.S. Puşkin.
G. Geýne.
Edebiýat nazaryýeti boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak.
Gazak edebiýaty. A.Kunanbaýew.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Edebiýat, 9 synp, Welbegow G., Latipow N., Hallyýew K., Abaýew A., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Хештеги: #учебник на туркменском языке :: #литература :: #Welbegow :: #Latipow :: #Hallyýew :: #Abaýew :: #9 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Следующие учебники и книги:
- Ádebiyat, 6 klàss, Pàlımbetov K., Allàshov P., 2017
- Календарно-тематическое планирование по предмету Литература 11 класс, по 2 часа 68 часов в год
- Әдебиет, 6 сыныб, Абдувалитов Е., Бектаев А., Дүйсебаева Д., Досымбетова С., 2017
- Адабият, 10 класс, Темирова М., 2017
Предыдущие статьи:
- Календарно-тематическое планирование по предмету Литература 10 класс, по 2 часа 68 часов в год
- Календарно-тематическое планирование по предмету Литература 9 класс, по 2 часа 68 часов в год
- Календарно-тематическое планирование по предмету Литература 8 класс, по 2 часа 68 часов в год
- Календарно-тематическое планирование по предмету Литература 7 класс, по 2 часа 68 часов в год