Учебник по химии для 9 класса на туркменском языке.
Adamlaryň gadymdan himiki maddalar we hadysalar bilen tanyş bolandyklary taryhdan mälim. Himiýanyň başlangyç ösüş döwürlerindäki pikirleriň, düşünjeleriň, barlaglaryň ösüşinde köp daşary ýurtly alymlar bilen bir hatarda özbek alymlarynyň hem mynasyp orunlary bar.
Özbegistanyň çäginde ýaşan halklar amaly işlerinde kän gazmak, demir eretmek, çoýun öndürmek, çüýşe taýýarlamak, toýun gaplary ýasamak ýaly işler, himiki maddalardan peýdalanyp taýýarlanan bezegler, kagyzlar, ýazuwlar, galatereýa önümleri üçin zerur bolan simap we onuň birleşmeleri, efir ýaglary, surma, ösümliklerden taýýarlanan däri-dermanlar giňden ulanylandygy barada maglumatlar bar. Agajyň gabygyndan we kenepden 751-nji ýylda Samarkantda kagyz öndürmek ýola goýlupdyr.








