Ene dili, 4 synp, Kadyrow A., 2020.
Учебник по родному языку для 4 класса на туркменском языке.
Şuny berk ýatda saklaň! Siz garaşsyz Özbegistanyň görer gözüsiňiz, gelejegisiňiz, onuň ýagşy günlerinden habar berýän ýaş göwün eýesisiňiz. Garaşsyz Watanymyz sizden köp zatlary tama etmäge hakly. Munuň üçin okamak we öwrenmek gerek. Ylmyň belentliklerine tarap äden ädimleriňizde eliňizdäki okuw kitaby kömekçiňiz bolsun. Ondaky her bir pikir, her bir düzgün bilimleriňizi baýlaşdyrar. Şol bir wagtda, siz hem bu sahypalara yhlas gözi bilen garaň. Zaýalaman, gowy edip peýdalanyň.
Ylmyň belentliklerine tarap äden ädimleriňiz şowly bolsun!
учебник на туркменском языке
Saz, 4 synp, Ibrohimow О., 2020
Saz, 4 synp, Ibrohimow О., 2020.
Учебник по музыке для 4 класса на туркменском языке.
Eziz okuwçy! Her bir halkyň lezzetli heňleri, aýdym-sazlary, bir söz bilen aýdanda milli sazy bolýar. Halk sazy - köp we birnäçe asyrlaryň synaglaryndan geçen we kalbymyzdan orun tutan ruhy baýlygymyzdyr.
Dürli-dürli saz gurallarymyz we olarda ýaňlanyp gelýän milli sazlarymyz bolsa, ynha şu ruhy baýlygyň aýrylmaz bölegidir.
Eliňizdäki okuw kitaby sizi ynha şeýle ruhy gözellik we baýlyklardan lezzet aldyrmak maksadynda ýazylandyr.
Onda halkymyzyň durmuş derejesi, zähmeti we dürli baýramlary bilen bagly aýdymlary, milli saz gurallary hakyndaky maglumatlar bilen tanyşarsyňyz, seýrek aýdym-sazlary diňlärsiňiz, olaryň käbir nusgalaryny aýtmagy öwrenersiňiz. Şeýle hem, Özbegistanyň kompozitorlarynyň siz okuwçylar üçin döreden aýdymlary bilen tanyş bolarsyňyz!
Скачать и читать Saz, 4 synp, Ibrohimow О., 2020Учебник по музыке для 4 класса на туркменском языке.
Eziz okuwçy! Her bir halkyň lezzetli heňleri, aýdym-sazlary, bir söz bilen aýdanda milli sazy bolýar. Halk sazy - köp we birnäçe asyrlaryň synaglaryndan geçen we kalbymyzdan orun tutan ruhy baýlygymyzdyr.
Dürli-dürli saz gurallarymyz we olarda ýaňlanyp gelýän milli sazlarymyz bolsa, ynha şu ruhy baýlygyň aýrylmaz bölegidir.
Eliňizdäki okuw kitaby sizi ynha şeýle ruhy gözellik we baýlyklardan lezzet aldyrmak maksadynda ýazylandyr.
Onda halkymyzyň durmuş derejesi, zähmeti we dürli baýramlary bilen bagly aýdymlary, milli saz gurallary hakyndaky maglumatlar bilen tanyşarsyňyz, seýrek aýdym-sazlary diňlärsiňiz, olaryň käbir nusgalaryny aýtmagy öwrenersiňiz. Şeýle hem, Özbegistanyň kompozitorlarynyň siz okuwçylar üçin döreden aýdymlary bilen tanyş bolarsyňyz!
Şekillendiriş sungaty, 3 synp, Isakowa M., Hasanow R., Haýdarow B., 2014
Şekillendiriş sungaty, 3 synp, Isakowa M., Hasanow R., Haýdarow B., 2014.
Учебник по изобразительному искусству для 3 класса на туркменском языке.
Фрагмент из книги:
Özbegistan - meniň Watanym. Onda biziň ata-babalarymyz ýaşap gelipdirler. Häzirki wagtda biz onuň tämiz howasyndan dem alyp, şypaly suwlaryndan içip, ekin meýdanlarynda ýetişdirilýän nygmatlaryndan lezzetlenýäris.
Ýokardaky suratda Watanymyzyň paýtagty - Daşkentdäki Garaşsyzlyk meýdanynda ýerleşdirilen heýkeller kompozisiýasyny görýärsiňiz. Bu kompozisiýa “Ýagşylyk monumenti” diýlip atlandyrylýar.
Скачать и читать Şekillendiriş sungaty, 3 synp, Isakowa M., Hasanow R., Haýdarow B., 2014Учебник по изобразительному искусству для 3 класса на туркменском языке.
Фрагмент из книги:
Özbegistan - meniň Watanym. Onda biziň ata-babalarymyz ýaşap gelipdirler. Häzirki wagtda biz onuň tämiz howasyndan dem alyp, şypaly suwlaryndan içip, ekin meýdanlarynda ýetişdirilýän nygmatlaryndan lezzetlenýäris.
Ýokardaky suratda Watanymyzyň paýtagty - Daşkentdäki Garaşsyzlyk meýdanynda ýerleşdirilen heýkeller kompozisiýasyny görýärsiňiz. Bu kompozisiýa “Ýagşylyk monumenti” diýlip atlandyrylýar.
Saz, 3 synp, Nurmatow H., Narhojaýew N., 2019
Saz, 3 synp, Nurmatow H., Narhojaýew N., 2019.
Учебник по музыке для 3 класса на туркменском языке.
Eliňizdäki «Saz» kitaby ençeme başga derslikler ýaly Garaşsyzlyk arkaly çap edilip, Garaşsyzlygyň nygmatyna öwrüldi.
Siz üçin her bir derslik we okuw edebiýatlary özüçe eziz, çünki olar bilimiňizi ösdürýär, gelejege tarap itekleýär.
Saz ynsany täsin saz we äheňler dünýäsine ündeýär, duýgularyny näzikleşdirýär, datyny ýiteldýär, gözelligi söýmegi öwredýär.
Siz 3-nji synpda saz heňlerini dykgat bilen diňlemek hem-de aýdymlary ýakymly, labyzly edip aýtmaklygy özleşdirersiňiz, täze kompozitorlaryň döredijiligi bilen tanyşarsyňyz, saza bolan höwesiňiz ýene-de artar.
Скачать и читать Saz, 3 synp, Nurmatow H., Narhojaýew N., 2019Учебник по музыке для 3 класса на туркменском языке.
Eliňizdäki «Saz» kitaby ençeme başga derslikler ýaly Garaşsyzlyk arkaly çap edilip, Garaşsyzlygyň nygmatyna öwrüldi.
Siz üçin her bir derslik we okuw edebiýatlary özüçe eziz, çünki olar bilimiňizi ösdürýär, gelejege tarap itekleýär.
Saz ynsany täsin saz we äheňler dünýäsine ündeýär, duýgularyny näzikleşdirýär, datyny ýiteldýär, gözelligi söýmegi öwredýär.
Siz 3-nji synpda saz heňlerini dykgat bilen diňlemek hem-de aýdymlary ýakymly, labyzly edip aýtmaklygy özleşdirersiňiz, täze kompozitorlaryň döredijiligi bilen tanyşarsyňyz, saza bolan höwesiňiz ýene-de artar.
Tehnologiýa, 9 synp, Sattarowa Z., 2019
Tehnologiýa, 9 synp, Sattarowa Z., 2019.
Учебник по технологии для 9 класса на туркменском языке.
Umumy orta bilim berýän mekdeplerde okadylýan «Tehnologiýa» predmeti sizi özleşdiren temalaryňyzy amalda ulanyp bilmäge, eýelän bilimleriňizi durmuşa geçirmegi öwredýär.
Siz aşaky synplarda «Tehnologiýa we dizaýn» hem-de «Serwis hyzmaty» ýönelişleri boýunça metal we metal däl materiallary işläp bejermegiň usullaryny, dürli göwrümdäki öý-hojalyk serişdelerini taýýarlamagy, elektrotehnika işlerini ýerine ýetirmegi, milli, dünýä tagamlaryny bişirmegi, geýimleri hem-de zatlary biçmegi-tikmegi, dokamagyň ýönekeý we çylşyrymly usullaryny öwrenip, amaly endikleri eýelediňiz.
9-njy synpda bolsa hünärmentçilik önümlerini taýýarlamagyň tehnologiýasy, önümçiligiň we öý hojalykçylygynyň esaslary, elektronikanyň esaslary, kär saýlamaga ugrukdyrmak, döredijilikli taslama taýýarlamak boýunça bilimleri, endikleri we başarnyklary ösdürip, kompetensiýalara öwürmekde derslik size ýakyn kömekçiňiz bolar.
Скачать и читать Tehnologiýa, 9 synp, Sattarowa Z., 2019Учебник по технологии для 9 класса на туркменском языке.
Umumy orta bilim berýän mekdeplerde okadylýan «Tehnologiýa» predmeti sizi özleşdiren temalaryňyzy amalda ulanyp bilmäge, eýelän bilimleriňizi durmuşa geçirmegi öwredýär.
Siz aşaky synplarda «Tehnologiýa we dizaýn» hem-de «Serwis hyzmaty» ýönelişleri boýunça metal we metal däl materiallary işläp bejermegiň usullaryny, dürli göwrümdäki öý-hojalyk serişdelerini taýýarlamagy, elektrotehnika işlerini ýerine ýetirmegi, milli, dünýä tagamlaryny bişirmegi, geýimleri hem-de zatlary biçmegi-tikmegi, dokamagyň ýönekeý we çylşyrymly usullaryny öwrenip, amaly endikleri eýelediňiz.
9-njy synpda bolsa hünärmentçilik önümlerini taýýarlamagyň tehnologiýasy, önümçiligiň we öý hojalykçylygynyň esaslary, elektronikanyň esaslary, kär saýlamaga ugrukdyrmak, döredijilikli taslama taýýarlamak boýunça bilimleri, endikleri we başarnyklary ösdürip, kompetensiýalara öwürmekde derslik size ýakyn kömekçiňiz bolar.
Konstitusion hukuk esaslary, 9 synp, Tansikbaýewa G.M., Kosteskiý W.A., 2019
Konstitusion hukuk esaslary, 9 synp, Tansikbaýewa G.M., Kosteskiý W.A., 2019.
Учебник по праву для 9 класса на туркменском языке.
Siziň eliňizde çylşyrymly, köp taraply we gyzykly hukuklar dünýäsi barada maglumat berýän kitap dur. Özbеgistan Rеspublikasynda garaşsyzlyk yglan edilmegi we suweren demokratik döwlet gurluşynyň ýuridik esaslary – döwletiň bilen şahsyň arasyndaky özara gatnaşyklary kesgitläp berýän kanunçylygyň we hukukşynaslygyň esasyny şekillendirmekden başlandy. Şonuň üçin hem raýatlar tarapyndan kanunlaryň berjaý edilmegi dogry we kanun esasynda amala aşyrylmalydyr.
Скачать и читать Konstitusion hukuk esaslary, 9 synp, Tansikbaýewa G.M., Kosteskiý W.A., 2019Учебник по праву для 9 класса на туркменском языке.
Siziň eliňizde çylşyrymly, köp taraply we gyzykly hukuklar dünýäsi barada maglumat berýän kitap dur. Özbеgistan Rеspublikasynda garaşsyzlyk yglan edilmegi we suweren demokratik döwlet gurluşynyň ýuridik esaslary – döwletiň bilen şahsyň arasyndaky özara gatnaşyklary kesgitläp berýän kanunçylygyň we hukukşynaslygyň esasyny şekillendirmekden başlandy. Şonuň üçin hem raýatlar tarapyndan kanunlaryň berjaý edilmegi dogry we kanun esasynda amala aşyrylmalydyr.
Geografiýa, 9 synp, Kaýumow A., Safarow I., 2019
Geografiýa, 9 synp, Kaýumow A., Safarow I., 2019.
Учебник по географии для 9 класса на туркменском языке.
Siz aşaky synplarda «Fiziki geografiýanyň başlangyç kursy», «Materikleriň we okeanlaryň fiziki geografiýasy», «Orta Aziýanyň we Özbegistanyň fiziki geografiýasy» hemde «Özbegistanyň ykdysady we so-sial geografiýasy» kurslarynda geografiýa ylmyna degişli dürli maglumatlar bilen tanyşdyňyz. 9-njy synpda okadylýan «Dünýäniň ykdysady-sosial geografiýasy» kursy dünýäniň ykdysadyýetine, syýasatyna, ekologiýasyna, medeniýetine, mahlasy, durmuşyň ähli diýen ýaly taraplaryna mälim derejede baglanyşyklydyr. Bu predmet okuwçylara dünýä we onuň käbir böleklerine mahsus gaýtalanmaz geografik aýratynlyklary görkezip berýän, sosial-ykdysady ösüş prosesi we kanunalaýyklyklary barada jikme-jik maglumat bermegi bilen ähmiýetlidir.
Dersligiň esasy maksady - Size dünýä we onuň iri ýurtlarynyň ykdysady we sosial geografiýasyna degişli häzirki zaman bilim bermek, özbaşdak bilim almaga we ony amalyýetde ulanmagy öwretmekden ybaratdyr.
Скачать и читать Geografiýa, 9 synp, Kaýumow A., Safarow I., 2019Учебник по географии для 9 класса на туркменском языке.
Siz aşaky synplarda «Fiziki geografiýanyň başlangyç kursy», «Materikleriň we okeanlaryň fiziki geografiýasy», «Orta Aziýanyň we Özbegistanyň fiziki geografiýasy» hemde «Özbegistanyň ykdysady we so-sial geografiýasy» kurslarynda geografiýa ylmyna degişli dürli maglumatlar bilen tanyşdyňyz. 9-njy synpda okadylýan «Dünýäniň ykdysady-sosial geografiýasy» kursy dünýäniň ykdysadyýetine, syýasatyna, ekologiýasyna, medeniýetine, mahlasy, durmuşyň ähli diýen ýaly taraplaryna mälim derejede baglanyşyklydyr. Bu predmet okuwçylara dünýä we onuň käbir böleklerine mahsus gaýtalanmaz geografik aýratynlyklary görkezip berýän, sosial-ykdysady ösüş prosesi we kanunalaýyklyklary barada jikme-jik maglumat bermegi bilen ähmiýetlidir.
Dersligiň esasy maksady - Size dünýä we onuň iri ýurtlarynyň ykdysady we sosial geografiýasyna degişli häzirki zaman bilim bermek, özbaşdak bilim almaga we ony amalyýetde ulanmagy öwretmekden ybaratdyr.
Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019
Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019.
Учебник по экономике для 9 класса на туркменском языке.
Фрагмент из книги:
Telekeçilik bazar ykdysadyýetine mahsus bolan işdir. Bazar ykdysadyýeti şertinde adamlaryň telekeçilik ukyby – tebigy, kapital we zähmet faktorlary bilen bir hatarda önümçiligiň esasy faktoryna öwrüldi. Çünki önümçiligiň edil şu faktory galan üç faktory birleşdirmek mümkinçiligini berýär. Telekeçilik jemgyýet üçin gerek, çünki bu iş netijesinde täze, goşmaça iş ýerleri döredilýär. Telekeçilik diňe bir sarp edijiler üçin däl, eýsem döwlet üçin hem zerur we peýdaly işdir. Döwlet telekeçilige giň ýol açyp bermegi bilen ilaty işe ýerleşdirmek, giň sarp ediş harytlary we hyzmatlar bilen üpjün etmek wezipesini, mälim manyda, özünden aýyrýar. Şunuň bilen birlikde, telekeçilerden alynýan salgytlaryň hasabyna döwlet hazynasy baýaýar. Şu sebäpli, döwlet telekeçiligi her taraplaýyn goldaýar.
Скачать и читать Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019Учебник по экономике для 9 класса на туркменском языке.
Фрагмент из книги:
Telekeçilik bazar ykdysadyýetine mahsus bolan işdir. Bazar ykdysadyýeti şertinde adamlaryň telekeçilik ukyby – tebigy, kapital we zähmet faktorlary bilen bir hatarda önümçiligiň esasy faktoryna öwrüldi. Çünki önümçiligiň edil şu faktory galan üç faktory birleşdirmek mümkinçiligini berýär. Telekeçilik jemgyýet üçin gerek, çünki bu iş netijesinde täze, goşmaça iş ýerleri döredilýär. Telekeçilik diňe bir sarp edijiler üçin däl, eýsem döwlet üçin hem zerur we peýdaly işdir. Döwlet telekeçilige giň ýol açyp bermegi bilen ilaty işe ýerleşdirmek, giň sarp ediş harytlary we hyzmatlar bilen üpjün etmek wezipesini, mälim manyda, özünden aýyrýar. Şunuň bilen birlikde, telekeçilerden alynýan salgytlaryň hasabyna döwlet hazynasy baýaýar. Şu sebäpli, döwlet telekeçiligi her taraplaýyn goldaýar.
Другие статьи...
- Çyzuw, 9 synp, Rahmanow I., 2019
- Biologiýa, 9 synp, Zikirýaýew A., Tohtaýew A., Azimow I., Sonin N., 2019
- Geometriýa, 9 synp, Haýdarow B.K., Sarykow E.S., Koçkarow A.Ş., 2019
- Özbegistanyň taryhy, 8 synp, Joraýew U., 2019
- Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019
- Dünýä taryhy, 8 synp, Farmonow R., 2019
- Ykdysady bilimleriň esaslary, 8 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019
- Himiýa, 8 synp, Askarow I.R., Gopirow K., Tohtabaýew N.H., 2019
Показана страница 13 из 25