Geografiýa, 10 synp, Fedorko W.N., Safarowa N.I., Ismatow J.A., 2022

Geografiýa, 10 synp, Fedorko W.N., Safarowa N.I., Ismatow J.A., 2022.

Книги по географии для 10 класса на туркменском языке.

   Gadyrly okuwçylar! Siz öwrenmäge başlan bu dersligiň kömegi bilen döwrebap dünýä, onuň iri guşaklyklary hem-de halkara ykdysady ulgamda möhüm orun eýeleýän döwletlere degişli ykdysady-geografiki aýratynlyklary öwrenýärsiňiz, dürli global we guşaklyklaýyn ykdysady, sosial we ekologiki prosesler hakynda ulgamly maglumatlara eýe bolarsyňyz.
Okuw kitabynyň esasy maksady, dünýäniň ykdysady we sosial geografiýasy, onuň iri guşaklyklary we ýurtlary barada häzirki zaman bilimleri bermek we özbaşdak bilim almagy we iş ýüzünde peýdalanmagy öwretmekdir.

Geografiýa, 10 synp, Fedorko W.N., Safarowa N.I., Ismatow J.A., 2022


Mineral resurslaryň geografiýasy.
Adamzat öz durmuşynda we jemgyýetçilik işlerinde dürli tebigy baýlyklar (resurslar)dan peýdalanýar. Tebigy resurslar diýip, adamlar durmuşynda we işjeňliginde gönüden-göni peýdalanýan ähli görnüşlerdäki tebigat nygmatlaryna aýdylýar. Planetamyz köp we dürli tebigy resurslara eýe. Tebigy resurslar esasan mineral, gury ýer, suw, biologiki we klimat resurslaryndan ybaratdyr.

Tebigatda minerallar görnüşinde duş gelýän tebigy baýtyklar mineral resurslar (peýdaly gazylmalar) diýilýär. Olar 3 topara ýagny, ýangyç we energiýa, magdan we magdan däl resurslara bölünýär.

Adam gadymy döwürlerden bäri mineral resurslardan peýdalanyp gelýär. Wagtyň geçmegi bilen peýdalanylýan mineral resurslaryň görnüşi we göwrümi barha artdy. Häzirki wagtda mineral resurslaryň 200-e golaý görnüşlerinden öý-hojalykzeruryýetleri üçin peýdalanylýar. Gutarýan we gaýtadan dikelmeýän tebigy baýlyklardan peýdalanmagyň mukdary ýylsaýyn artýar. Iň köp sarp edilýän mineral resurslar nebit, tebigy gaz, kömür, demir magdany we gurluşyk materiallarydyr (6-njy jedwel).

Mazmuny.
Giriş.
I bölüm. Dünýäniň umumy beýany.
1-nji bap. Dünýäniň syýasy kartasy.
1-§. Dünýäniň syýasy kartasy.
2-§. Dünýä ýurtlarynyň sosial-ykdysady ösüşi boýunça klassifikasiýasy.
3-§. Ýurtlaryň dolandyrylyş şekili we döwlet gurluşy.
4-§. Amaly sapak. Dünýäniňsyýasy kartasy bilen işlemek.
2-nji bap. Dünýäniň tebigy resurslary.
5-§. Mineral resurslaryň geografiýasy.
6-§. Gutarmaýan we gaýtadan dikelýän tebigy resurslaryň geografiýasy.
7-§. Taslama sapagy. Global ekologik meseleler.
3-nji bap. Dünýä ilaty.
8-§. Dünýä ilatynyň sany ösüşi we ýerleşişi.
9-§. Dünýä ilatynyň ýaş we jyns düzümi.
10-§. Dünýä ilatynyň etnik we dini düzümi.
11-§. Dünýä ýurtlarynyň urbanizasiýasy.
12-§. Amaly sapak. Ilatyňhereketi, düzümi weýerleşişine degişlimeseleler.
4-nji bap. Dünýä ykdysadyýetiniň geografiýasy.
13-§. Dünýä ykdysadyýeti we halkara zähmet bölünişigi.
14-§. Dünýä ykdysady merkezleri we halkara integrasiýa prosesleri.
15-§. Amaly sapak. Dünýäykdysadyýeti we onuň düzümini öwrenmek.
16-§. Dünýä energetikasynyň geografiýasy.
17-§. Amaly sapak Dünýä senegatynyň geografiýasy we onuň üýtgemesini owrenmek.
18-§. Dünýä oba hojalygynyň geografiýasy.
19-§. Dünýä transportynyň geografiýasy.
20-§. Halkara ykdysady gatnaşyklar geografiýasy.
21-§. Umumylaşdyryjy sapak.
II bölüm. Dünýäniň sebitleýin beýany.
5-nji bap. Ýewropa ýurtlary.
22-§. Ýewropanyň geografiki orny, serhetleri we syýasy kartasy.
23-§. Amaly sapak. Ýewropanyňsyýasy kartasyny öwrenmek.
24-§. Germaniýa Federatiw Respublikasy.
25-§. Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Karollygy.
26-§. Fransiýa Respublikasy.
27-§. Italiýa Respublikasy.
28-§. Russiýa Federasiýasy.
29-§. Russiýa Federasiýasynyň ykdysadyýeti.
30-§. Umumylaşdyryjy sapak.
6-njy bap. Aziýa ýurtlary.
31-§. Aziýa kontinentiniň geografiki orny, serhetleri we syýasy kartasy.
32-§. Amaly sapak. Aziýanyň syýasy kartasyny öwrenmek.
33-§. Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşi.
34-§. Gazagystan Respublikasy.
35-§. Gyrgyz Respublikasy.
36-§. Türkmenistan Respublikasy.
37-§. Täjigistan Respublikasy.
38-§. Amaly sapak. MerkeziAziýaýurtlarynyňdeňeşdirme geografikibeýany.
39-§. Türkiýe Respublikasy.
40-§. Amaly sapak. Eýran, Owganystan we Päkistanyň deňeşdirme geografik beýany.
41-§. Hytaý Halk Respublikasy.
42-§. Hytaýyň ykdysadyýeti we ykdysady sebitleri.
43-§. Koreýa Respublikasy.
44-§. Ýaponiýa.
45-§. Hindistan Respublikasy.
46-§. Pars aýlagynyň arap döwletleri.
47-§. Umumylaşdyryjy sapak.
7-nji bap. Afrika, Awstraliýa we Okeaniýa, Amerika ýurtlary.
48-§. Afrikanyň geografiki orny, syýasy kartasy, tebigy resurslary.
49-§. Afrika ýurtlarynyň ilaty we hojalygy.
50-§. Günorta Afrika Respublikasy.
51-§. Nigeriýa Federatiw Respublikasy.
52-§. Müsür Arap Respublikasy.
53-§. Amaly sapak. Afrikanyň syýasy kartasy, tebigy we ykdysady geografik şertlerini öwrenmek.
54-§. Awstraliýa bileleşigi.
55-§. Amerikanyň syýasy kartasy.
56-§. Amerikanyň Birleşen Ştatlary.
57-§. ABŞ-nyň hojalygy we ykdysady sebitleri.
58-§. Kanada.
59-§. Braziliýa.
60-§. Umumylaşdyryjy gaýtalamak.
Sözlük.
Peýdalanylan we teklip edilen edebiýatlaryň sanawy.
Halkara statistiki maglumatlar bilen tanyşmakda peýdalanmak mümkin bolan web saýtlar.
Goşmaça.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Geografiýa, 10 synp, Fedorko W.N., Safarowa N.I., Ismatow J.A., 2022 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Хештеги: :: :: :: :: ::