Türkmen dili, 6 sinf, Mugallymlar üçin metodik gollanma, Gaýlyýewa O., 2022

Türkmen dili, 6 sinf, Mugallymlar üçin metodik gollanma, Gaýlyýewa O., 2022.

Учебник по туркменскому языку для 6 класса на туркменском языке.
 
   Umumy orta bilim berýän mekdepleriň 6-njy synp türkmen dili dersini okatmak boýunça taýýarlanylan bu metodik gollanmanyň esasy maksady umumy orta bilimde ene dili dersini okatmagy ösdürmegiň konsepsiýasy esasynda hem-de türkmen dili okuw kitabyna daýanylyp, okuwçylara giňişleýin we doly bilimiň mazmunyny düşündirmek boýunça mugallym hünärmenlere metodik teklipleri işläp düzmekden ybarat. Biz bu metodik gollanmada derslikde berlen ähli tekstleri şol durkunda almadyk elbetde. Sebäbi, bu metodik gollanmanyň möçberini hem hasaba aldyk. Biz esasy okatmak metodikasyna köp üns berdik. Elbetde, her bir mugallym derslikde bar bolan temalar boýunça goşmaça materiallary öz okadyş metodikasyna laýyklykda almagy hem mümkin. Şeýle-de bolsa, bu gollanmada goşmaça materiallary, metodlary hem bermeklige hereket etdik.

Türkmen dili, 6 sinf, Mugallymlar üçin metodik gollanma, Gaýlyýewa O., 2022


USSAT ÝAZYJY, MEŞHUR ALYM, GÖRNÜKLI PEDAGOG.
Hydyr Derýaýew 1905-nji ýylda häzirki Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Egrigüzer obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. On iki ýaşyna çenli ene-atasynyň elinde terbiýelenýär, emma tiz wagtdan soň geljekki ýazyjynyň ilki ejesi, soňra bolsa kakasy aradan çykyp, garyndaşlarynyň elinde galýar. H. Derýaýew 1920-nji ýylda Marydaky Togtamyş internatynda okap başlaýar. 1922-nji ýylda bolsa ol Aşgabat şäherindäki mugallymçylyk institutyna okuwa girýär. Bir ýyl geçensoň, okuw mekdebiniň Daşkent şäherine geçirilmegi bilen, 1926-njy ýylda okuwyny şol ýerde tamamlap, institutda mugallymçylyk edýär.

MAZMUNY.
Sözbaşy.
Türkmen dili dersinden meýilnama.
6-njy synp okuwçylarynda daýanç we lıngwıstık kompetensıýalary ösdürmek.
Giriş. Dil aragatnaşyk serişdesi.
Gysgaça terjimehalym.
Gaýtalamak (Morfologiýany gaýtalamak. Atlar).
Işlikleriň zaman şekilleri.
Berkitmek. Tekst üstünde işlemek (ussat ýazyjy, meşhur alym, görnükli pedagog Hydyr Derýaýewiň terjimehaly).
Işligiň häzirki zaman şekili.
Gaýtalamak. San, çalyşma.
Berkitmek. Sypatlar.
Keselhanada.
Işligiň geljek zaman şekili.
Mälim we nämälim geljek zaman işligi.
Işlikleriň nämälim geljek zaman şekiliniň ýazuw düzgüni.
Işligiň öten zaman şekili.
Berkitmek.
Gutarnykly we dowamly öten zaman işlik şekilleri.
Tekst.
Sözleýiş tärleri.
Çeper tär.
Ylmy tär.
Iş täri.
Publisistik tär.
Sözleýşiň görnüşleri, suratlandyrma.
Hekaýa etme.
Pikir ýöretme.
Berkitmek. Sag tende – sagdyn akyl.
Kesibim – guwanjym.
Işlikler. Işligiň şert şekili.
Işligiň hyýallanma şekili.
Işligiň buýruk şekili. Işligiň buýruk şekiliniň ýöňkeme bilen üýtgeýşi.
Işligiň hökmanlyk şekili.
Berkitmek (Kesbim – guwanjym).
Işligiň isleg şekili.
Işligiň arzuw şekili.
Işligiň nämälim şеkili.
Goşma işlik.
Işlikleriň morfologik derňew edilişi.
Kem işlikler.
Ortak işlikler.
Berkitmek. Ýaş ykdysadyýetçi.
Öten zaman ortak işligi.
Häzirki zaman ortak işligi.
Geljek zaman ortak işligi.
Hal işligi.
Hal işlikleriň derňew edilişi».
Hallar.
Berkitmek. Ylym we tehnologiýalar.
Hallaryň gurluşy boýunça bülünişi».
Orun-tarap bildirýän, sebäp-maksat bildirýän, hal-ýagdaý bildirýän hallar».
Gaýtalamak.
Dil we ýürek.
Mukdar bildirýän hallar.
Meňzetme-deňeşdirme bildirýän hallar.
Hallaryň morfologik derňew edilişi.
Hal derejeleri.
Berkitmek.
Hal derejeleri: hallaryň kemlik derejesi.
Hal derejeleri: hallaryň artyklyk derejesi.
Hal derejeleri: hallaryň güýçlendirme derejesi.
Hal derejeleri: söýgülik derejesi.
Gaýtalamak.
Özbaşdak many aňlatmaýan söz toparlary.
Düzmeli baglaýjylar.
Garşylygy bildirýän baglaýjylar.
Şert bildirýän baglaýjylar.
Berkitmek (Ýoklugy bildirýän baglaýjylar).
Ikuçlulygy bildirýän baglaýjylar.
Gezekleşigi bildirýän baglaýjylar.
Gaýtalamak.
Eýerjeňli baglaýjylar.
Sözsoňy kömekçiler.
Sözsoňy kömekçileriň aňladýan many gatnaşyklary taýdan toparlary.
Berkitmek. Sungat we medeniýet.
Sözsoňularyň düşümler bilen gatnaşygy.
Ümlükler.
Ownuk bölekler.
Gaýtalamak.
Hukugymyz-hakymyz.
Modal (ugrukdyryjy) sözler.
Modal sözleriň many toparlary.
Tapawutlandyrmagy aňladýan modal sözler Berk ynanmagy aňladýan modal sözler.
Çak etmegi aňladýan modal sözler Jemlemegi aňladýan modal sözler.
Tassyklamagy we inkär etmegi aňladýan modal sözler. Üns çekmegi aňladýan modal sözler.
Berkitmek. Döwleti kim dolandyrýar?.
Modal sözleriň dogry aýdylyşy, dürs ýazuw düzgünleri.
Ses we şekil aňladýan sözler.
Gaýtalamak.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Türkmen dili, 6 sinf, Mugallymlar üçin metodik gollanma, Gaýlyýewa O., 2022 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Хештеги: :: :: ::