Şekillendiriş sungaty, 6 synp, Mirahmedow К., 2017

Şekillendiriş sungaty, 6 synp, Mirahmedow К., 2017.

Учебник по изобразительному искусству для 6 класса на туркменском языке.

   Şu derslik umumy orta bilim berýän mekdepleriň 6-njy synplary üçin Özbegistan Respublikasynyň Halk bilimi ministrligi tarapyndan tassyklanan Döwlet tälim standarty we okuw maksatnamasy esasynda ýazyldy. Şu günki güne çenli 6-njy synplar üçin umumytälim mekdeplerinde Döwlet tälim standarty esasyndaky şekillendiriş sungaty dersliginiň bolmanlygy, okuwçylara biraz kynçylyk döredip, boşluk emele getirdi. Şekillendiriş sungaty predmeti mugallymlary köp ýyllaryň dowamynda okuw plany esasyndaky ders temalaryny goşmaça edebiýatlardan peýdalanyp alyp bardylar. Täze dersligiň döredilenligi predmeti okatmakda aşakdaky birnäçe meseleleri çözülmegine kömek edýär.

Şekillendiriş sungaty, 6 synp, Mirahmedow К., 2017


ORTA ASYRLAR SUNGATYNDAKY USULLAR WE ÝÖNELIŞLER.
Orta asyrlar sungaty dürli ýurtlarda dürli döwürlerde başlanypdyr we dowam edipdir. Ýewropada IV asyrdan başlanyp, XIII-XIV asyrlarda Italiýa şäher döwletlari emele gelýänçe dowam etdi. Ýewropadaky başga Gadymky Rus, Wizantiýa ýurtlarynda VII-VIII asyrlarda başlanyp, XVII asyryň ahyrynaçenli dowam etdi. Gündogar ýurtlaryndan Hytaýda, Hindistanda orta asyrlar sungaty ençeme ir başlanyp, XIX asyrda-da dowam etdi. Orta Aziýada Orta asyrlar sungaty VII asyrdan başlanyp XVII asyra çenli dowam etdi. Orta asyrlar sungaty dünýä halklarynyň milli medeniýetiniň gülläp-ösmeginde esasy basgançak hasaplanýar. Şol döwürden başlap milli özboluşly sungat şekillenip, örän köp ýerli mekdepler peýdabolup başlady. Orta asyrlar sungaty eserlerinde durmuşyň gözelligi wasp edilip, tebigat näzikligi suratlandyryldy.

Döredilen şekillendiriş sungaty eserlerinde halkyň adamkärçilik, ruhy päklik baradaky arzuw-niýetleri öz beýanyny tapdy. Suratçy üçin diňe hakykaty “özüne meňzetmek däl”, eýsem işlän teswiri arkaly bir pikiri beýan etmek, duýgolary aňlatmak möhümdi. Orta asyrlar sungatyny öwrenmek bilen biz, binagärçilik sungatynyň esasy orny eýeleýändigini görýäris.

MAZMUNY.
Sözbaşy.
I ÇÄRÝEK.
Orta asyrlar sungatyndaky usullar we ýönelişler.
Hytaý we Ýaponiýa suratçylarynyň tehnologik usuly. Çyg kagyza kompozisiýa (peýzaž, daragtyň şahasy, gül we başgalar) işlemek.
Hereketdäki adamyň, sportçynyň göwresini grafiki usulda we heýkel-taraşlyk usulynda şekillendirmek.
Mugallymlar we terbiýeçiler gününe bagyşlanan gutlag haty işlemek.
Žiwopis ýa-da galamda 2-3 figuraly temaly kompozisiýa işlemek.
Heýkeltaraşlykda lirika we dramatizm, 2-3 figuraly tematik kompozisiýa işlemek (sport, sungat).
Maýda plastika heýkeltaraşlygy.
II ÇÄRÝEK.
Gündogar miniatýura sungaty.
Gündogar miniatýura sungaty eserleriniň nusgalarynyň element-lerinden nusgasy döretmek.
Özbek halk ertekileriniň sýužetleri esasynda miniatýura usulynda illýustrasiýa işlemek.
Gündogar saýlanan edebiýaty sýužetleri esasynda miniatýura usulynda özbaşdak kompozisiýa işlemek.
Miniatýura işlemek üçin gutular taýýarlamak we kompozisiýa işlemek.
III ÇÄRÝEK.
Şekillendiriş sungatynda stanok žiwopisi. Stanok žiwopisi eserlerine çeper akyl ýetirmek.
Stanok žiwopisi ugrunda döredijilik eden Özbegistanyň we dünýämň meşhur hudožnikleriniň ömri we döredijiligi.
Natýurmort kompozisiýasy.
Ýatdan tematiki natýurmort işlemek.
Žiwopisde sýužetli kartina eskizini işlemek.
Edebi eseriň sýužeti esasynda özbaşdak kompozisiýa işlemek.
Şekillendiriş sungatynda peýzaž žanry.
Grafiki iş (mekdep, synp emblemasyny işlemek).
IV ÇÄRÝEK.
Şekillendiriş sungatynda taryhy ýa-da mifologik temalarda işlenen portretlere çeper akyl ýetirmek.
Taryhy portret işlemek.
Mifologik temada portret işlemek.
Taryhy temada portret işlemek.
Ýatdan tematik natýurmort işlemek.
Mifologik temada sýužetli kartina işlemek.
Meniň sungatym ýaşytdaşlarym nazarynda (jemleýji ders).



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Şekillendiriş sungaty, 6 synp, Mirahmedow К., 2017 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Хештеги: :: :: ::