Учебник по чтению для 3 класса на туркменском языке.
Фрагмент из книги:
TÖzbegistan Respublikasynyň döwlet gerbi 1992-nji ýylyň 2-nji iýulunda tassyklandy. Özbegistan Respublikasynyň döwlet gerbi güle bürenen jülgäniň ýokarsynda şöhle saçyp duran gün nurundan hem-de sag gapdalynda bugdaý başlarynyň, çep gapdalynda açylan pagta bölekleriniň şekili düşürlen çemenden ybaratdyr. Gerbiň ýokary böleginde Respublikanyň jebisliginiň nyşany hökmünde sekiz burçly ýyldyz teswirlenen: sekiz burçuň içinde ýerleşen ýarym aý we ýyldyz bagtlylyk nyşanydyr. Gerbiň ortasynda hümmet, ýagşylyk we adyllyk tymsaly bolan hyýaly Humaý guşy ganatlaryny ýaýyp dur. Bu şekil we tymsallar halkymyzyň dynçlyk, ýagşylyk, bagt-sahawatlylyk, şowlulyk ýolundaky arzuw-umytlaryny aňladýar.


