Sarikow

Geometriýa, 7 synp, A’zamow A., Haýdarow B., Sarikow E., 2017

Geometriýa, 7 synp, A’zamow A., Haýdarow B., Sarikow E., 2017.

Учебник по геометрии для 7 класса на туркменском языке.
 
Фрагмент из книги:
Geometriýa degişli başlangyç düşünjeler mundan 4–5 müň ýyl öň gadymky Müsürde peýda bolupdyr. Şol wagtlarda Nil derýasynyň suwy her ýyl daşyp, ekin meýdanlaryny ýuwup durupdyr. Şonuň üçin, ekin meýdanlaryny gaýtadan paýlamak we salgyt mukdaryny kesgitlemek üçin bu meýdanlarda belgileme we ölçeg işlerini ýerine ýetirmäge dogry gelipdir (1-nji surat). Gadymky grek alymlary ýer ölçemegiň usullaryny müsürlilerden öwrenip, ony geometriýa diýip atlandyrypdyrlar. “Geometriýa” grekçe söz bolup, “geo” – ýer, “metrio” – ölçemek diýen manyny aňladýan böleklerden düzülen.

Geometriýa, 7 synp, A’zamow A., Haýdarow B., Sarikow E., 2017
Скачать и читать Geometriýa, 7 synp, A’zamow A., Haýdarow B., Sarikow E., 2017
 

Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019

Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019.

Учебник по экономике для 9 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Telekeçilik bazar ykdysadyýetine mahsus bolan işdir. Bazar ykdysadyýeti şertinde adamlaryň telekeçilik ukyby – tebigy, kapital we zähmet faktorlary bilen bir hatarda önümçiligiň esasy faktoryna öwrüldi. Çünki önümçiligiň edil şu faktory galan üç faktory birleşdirmek mümkinçiligini berýär. Telekeçilik jemgyýet üçin gerek, çünki bu iş netijesinde täze, goşmaça iş ýerleri döredilýär. Telekeçilik diňe bir sarp edijiler üçin däl, eýsem döwlet üçin hem zerur we peýdaly işdir. Döwlet telekeçilige giň ýol açyp bermegi bilen ilaty işe ýerleşdirmek, giň sarp ediş harytlary we hyzmatlar bilen üpjün etmek wezipesini, mälim manyda, özünden aýyrýar. Şunuň bilen birlikde, telekeçilerden alynýan salgytlaryň hasabyna döwlet hazynasy baýaýar. Şu sebäpli, döwlet telekeçiligi her taraplaýyn goldaýar.

Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019
Скачать и читать Ykdysady bilimleriň esaslary, 9 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019
 

Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019

Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019.

Учебник по праву для 8 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Soňky ýyllarda, garaşsyzlygy gazananymyzdan soňky döwürde ilkinji gezek garaşsyzlygyň düýp manysyny aňladýan taglym — ynsan bähbitlerini döwletimiziň işiniň merkezine alyp çykmak taglymy öňe sürüldi. Erkin, özbaşdak ýaşamak, özüniň mümkinçiliklerini, ukybyny doly ýüze çykarmak ähli şertler taýýar edilen ýerde ýaşamak, güzeran geçirmek her bir adamzadyň ozaldan arzuwy bolup gelipdir. Adamyň bu arzuwunyň amala aşmagy, onuň ýaşaýan ýurdunyň hakyky erkin, bagtly durmuşy üpjün edip bilmegi üçin şu ýurtda belli bir ykdysady-sosial we syýasy-hukuk şert bolmalydyr. Bu ýerde adam hukuklaryna we azatlyklaryna bolan üns iň ýokary derejede bolmalydyr. Çünki adam özüni özbaşdak we bagtly duýmagy üçin, ilki bilen, hökman onuň hukuklary we azatlyklary üpjün edilen bolmaly.

Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019
Скачать и читать Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019
 

Ykdysady bilimleriň esaslary, 8 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019

Ykdysady bilimleriň esaslary, 8 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019.

Учебник по экономике для 8 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Ykdysadyýet jemgyýetçilik durmuşy ugurlaryndan iň üýtgäp durýanydyr. Çünki adamlaryň gowy ýaşamagy üçin zerur şertleri her gün döredip barmaly. Tebigatda taýýar ýagdaýda çörek, egin-eşik, ýaşaýyş jaýy ýok. Adamyň zeryrlygy üçin gerekli, tebigatda taýýar ýagdaýda duşmaýan ähli zatlary özi döretmäge mejbur. Ol şu maksatda tebigatyň gujagynda ykdysadyýet diýlip atlandyrylýan ullakan hojalygy döretdi. Indi ykdysa dyýet hojalyk ýöretmek ulgamy hökmünde — adamyň ýaşaýşynyň we kemala gelmeginiň ýeke-täk serişdesine öwrülen.

Ykdysady bilimleriň esaslary, 8 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019
Скачать и читать Ykdysady bilimleriň esaslary, 8 synp, Sarikow E.S., Haýdarow B.K., 2019
 





 

2024-12-22 01:20:32