Учебник по чувству родины для 6 класса на туркменском языке.
Umumy orta bilim berýän mekdepleriň 6-njy synplary üçin niýetlenen şu okuw gollanmasy Özbegistan Respublikasynyň Prezident Islam Karimowyň «Belent ruh – ýeňilmez güýç» hem-de «Özbegistan garaşsyzlyk gazanmagyň bosagasynda» kitaplary esasynda gaýtadan işlenen. Onda Watana bolan söýgi we watansöýüjilik esaslaryny şekillendirýän temalar okuwçylaryň özboluşly düşünjelerini we göz öňüne getirmelerini hasaba almak bilen, gyzykly mysallar, durmuşdan alnan deliller hem-de häzirki zaman metodik usullar arkaly açyp görkezilen.
