Учебник по географии для 7 класса на туркменском языке.
7-nji synpda Siz ýurdumyz - Özbegistan Respublikasynyň ýerleşýän tebigy geografik ülkesi bolan Orta Aziýanyň fiziki geografiýasy bilen Watanymyzyň fiziki geografiýasyny öwrenersiňiz. Orta Aziýanyň geografik ýerleşişi, özboluşly aýratynlyklary, geologik gurluşy, relýefi, gazylyp alynýan peýdaly zatlary, klimaty, suwlary, topraklary, ösümlikleri, haýwanat dünýäsi, tebigatdan, onuň baýlyklaryndan akylly-başly peýdalanmak meseleleri bilen tanyşarsyňyz. Şonuň bilen birlikde, geografiýany öwrenende kartalardan peýdalanmagy, kartalaryň nähili işlenişini, gömüşlerini, topografik kartalary, olardan nähili peýdalanmagy öwrenersiňiz. Yene wagt hasaby, sagat guşaklyklary, klimaty emele getirýän faktorlar, topraklar hakynda umumy düşünjelere eýe bolarsyňyz.
