Учебник по туркменскому языку для 3 класса на туркменском языке.
Фрагмент из книги:
Daşkentdäki Garaşsyzlyk meýdany Özbegistanda esasy meýdan hasaplanýar. Onuň meýdany 12 gektara deň. Bu meýdan 16 sany mermer sütünden ybarat bоlan arka bilen başlanýar. Arkanyň uzynlygy 150 metr, beýikligi 12 metr. Оnuň ýokarsynda hоşniýetliligiň, parahatçylygyň we agzybirligiň simwоly bоlan 4 sany leglekli kоmpоzisiýa ýerleşdirilen. Meýdanda köp sanly çüwdürimler, güller we baglar bar. Garaşsyzlyk meýdanynda hemişe dürli güller açylyp, çar tarapa ýakymly ysy ýaýrap durýar. Arkasyndan garaşsyz monumentine barylýan ýola «Ak ýol» diýilýär.
