Учебник по туркменскому языку для 5 класса на туркменском языке.
Türkmen dili sözlük düzümi boýunça baý dilleriň hataryna goşulýar. Ol “Görogly” eposynda aýdylýan gahrymançylykly wakalary, Magtymgulynyň dana setirlerini, Seýdiniň duşmanlara garşy gaýduwsyz çagyryşlaryny, Keminäniň, Zeliliniň, Mollanepesiň şirin lirikasyny beýan etmek üçin ýeterlik dil materiallaryny (sözleri) beren kämil dildir.
Häzirki zaman türkmen dili özüniň sözlük düzümi boýunça ozalkysyndan has baýlaşan, kämilleşen dildir. Onuň sözlük düzümi aýratyn hem beýleki dillerden geçýän sözleriň hasabyna has hem baýlaşýar.








